Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 24-26-njy mart aralygynda Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň çagyrmagy boýunça Birleşen Arap Emirliklerinde saparda boldy. Şawkat Mirziýoýew saparynyň çäklerinde Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen gepleşikler geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady, maýa goýumlary, innowasiýa, bank-maliýe, medeni-ynsanperwerlik we beýleki ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmek barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, taraplar halkara we sebit meseleleriniň esasy ugurlary barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem Prezident Şawkat Mirziýoýew BAE-niň wise-prezidenti şeýh Mansur bin Zaid Al-Nahaýýan bilen gepleşikler geçirdi. Gepleşikleriň barşynda ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine garaldy.
Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasy bilen BAE-niň arasynda bilelikdäki jarnama kabul edilip, maýa goýumlary, täzelenýän energetika, senagat, oba hojalygy, gümrük, zähmet gorlary, medeniýet we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara gol çekildi. Gol çekilen ylalaşyklaryň bahasynyň 10 milliard dollardan gowrakdygy habar berilýär.
Häzirki wagtda Özbegistanda BAE-niň 100-den gowrak kärhanasy işleýär. 2018-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 400 million dollara ýetdi.