27-nji martda Katarda Ýakyn Gündogaryň iň uly Milli muzeýi dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu giň gerimli çärä Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani we birnäçe ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary, şeýle hem, medeniýet, sungat işgärleri we dünýäniň meşhur muzeýleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Meýdany 40 müň inedördül metrden ybarat bolan muzeý Pars aýlagynyň kenarýakasynda ýerleşýär. Ol fransuz binagäri Žan Nuweliň taslamasy boýunça gurlup, “Sähra bägüli” diýlip atlandyryldy. Bu ýerde medeni mirasa degişli köp sanly arheologik tapyndylar, golýazmalar, resminamalar, fotosuratlar, altyn-kümüş şaýlar we egin-eşikler goýlupdyr. Muzeýiň wekili Haýi al-Taniniň sözlerine görä, Milli muzeýiň her bir bölümi Kataryň taryhy, halky we dünýädäki orny barada bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döreder.
Häzirki zaman Kataryny esaslandyran Şeýh Abdallah ben Jassim al Taniniň abatlanan taryhy köşgi muzeýiň esasy bölegidir. Täze muzeýiň paýtagt Dohanyň baş zynaty boljakdygyny muzeýiň işgärleri aýdýarlar. Kataryň Milli muzeýiniň işiginde dünýä belli yrakly heýkeltaraş Ahmed al-Bahraniniň “Kerwensaraý” atly heýkeli dikeldilipdir.