Her ýyl Du­baý­da ge­çi­ril­ýän “Dün­ýä­niň iň go­wy mu­gal­ly­my” baý­ra­gy­na ke­ni­ýa­ly Pe­ter Ta­bi­çi my­na­syp bol­dy. “Glo­bal mu­gal­lym baý­ra­gy” at­ly 1 mil­li­on dol­lar­lyk sy­la­ga “Bi­li­miň No­be­li” hem di­ýil­ýär. Ke­ni­ýa­nyň Na­ku­ru di­ýen ýe­rin­de ýa­şa­ýan Ta­bi­çi öz okuw­çy­la­ry­na şah­sy gol­da­wy­ny gaý­gyr­ma­ýan eken. Bu baý­rak tej­ri­be­li mu­gal­ly­ma Bü­tin­dün­ýä yl­my­na ba­gyş­la­nan mas­la­hat­da gow­şu­ryl­dy. Ol okuw­çy­la­ry­nyň sapaklara gat­na­şy­gy hem-de okuwy do­wam et­mek­le­ri üçin ola­ryň maş­ga­la­la­ry bi­len yzy­gi­der­li du­şuş­ýan eken. Ta­bi­çi af­ri­ka­ly­la­ryň ara­syn­da ýaş in­že­ner­le­riň, alym­la­ryň kö­pel­ýän­di­gi­ne ün­si çe­kip, ola­ryň dur­mu­şa ge­çir­ýän tas­la­ma­la­ry­nyň dün­ýä­de gol­daw tap­ýan­dy­gy­ny aý­dýar. Ol bu iş­de gyz­la­ryň hem pa­ýy­nyň ulu­dy­gy­na ün­si çekýär.
War­keý gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan gow­şu­ryl­ýan baý­ra­ga 179 ýurt­dan 10 müň mu­gal­lym da­laş­gär gör­ke­zi­lip­dir. Baý­ra­gyň mak­sa­dy bü­tin dün­ýä­de mu­gal­lym­çy­lyk kä­ri­niň ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.
“Dün­ýä­niň iň go­wy mu­gal­ly­my” baý­ra­gy 2015-nji ýyl­dan bä­ri işe­wür San­ni War­ke­ýiň ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­syn­dan be­ril­ýär. As­ly hin­di bo­lan San­ni War­keý Ýa­kyn Gün­do­gar­da bir­gi­den hu­su­sy ça­ga­lar bag­la­ry­ny we mek­dep­le­ri­ esas­lan­dyr­dy.