Hytaýyň Sunsin şäherinde ýakyn günlerde keseligine gökdirän köpri peýda bolar. Amerikan binagäri Moşe Safdi özüniň bu taslamasyna “Raffles City Chonqing” diýip at beripdir. Gökdirän köpri 250 metrlik 4 binanyň üstündäki 350 metre uzaýan daşy aýna örtükli desgadyr. Onuň gapdalynda ýene-de iki sany 350 metr belentlikdäki bina bar. Toplumyň umumy meýdany 11 million inedördül metrden ybaratdyr. Gökdirän köpri örän ajaýyp ýerde – Ýanszy we Szýalin derýalarynyň birigýän ýerinde gurulýar.
– Täze desga uzakdan seredeniňde, Szýalin derýasynda ýüzüp barýan gadymy hytaý gämisini ýadyňa salýar – diýip binagär aýdýar. Häzirki wagtda binanyň içki işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Hytaýyň iň beýik synlaýyş meýdançasyna öwrüljek bu köprüde baglar, howdanlar we restoranlar bolar.