Bütindünýä bankynyň direktorlar geňeşi Özbegistan Respublikasynyň Fergana sebitiniň kiçi we orta telekeçiligini ösdürmäge gönükdirilen 200 million dollarlyk karzy makullady. Bütindünýä bankynyň wekilleriniň bellemegine görä, Özbegistanda işe ukyply adamlaryň köpüsi kiçi kärhanalarda hem-de oba hojalygynda zähmet çekýär. Kiçi we orta telekeçilik jemi içerki önümiň uly bölegini düzüp, ykdysadyýetde möhüm rol oýnaýar diýlip beýanatda bellenilýär. Fergana jülgesi ýurduň gür ilatly sebitidir, ol ýerde 10 million töweregi adam ýaşap, takmynan ilatyň 30 göterimini eýeleýär. Bu taslama Fergana jülgesindäki Andijan, Fergana we Namangan welaýatlarynyň ösüşine gönükdirilen maliýe hyzmatlary we tehniki ýardamlary öz içine alýar.
Häzirki wagtda Bütindünýä banky Özbegistanda bahasy 3,4 milliard dollarlyk oba hojalyk, energetika, transport, saglygy goraýyş, bilim, şäher hojalygy, suw üpjünçilik we sanitariýa ugurlary boýunça birnäçe taslamalary amala aşyrýar.
Mundan başga-da, Bütindünýä banky Täjigistanyň CASA-1000 elektrik geçiriji taslamasynyň ugrundaky ilatly ýerleriň infrastrukturasyny kämilleşdirmek üçin 24 million dollar möçberinde grant – pul ýardamyny bölüp berdi.