24-nji mart­da Tai­land­da 2014-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. Ýer­li ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu sy­ýa­sy çä­rä saý­law­çy­la­ryň 80 gö­te­ri­mi gat­na­şyp, onuň gu­tar­nyk­ly ne­ti­je­le­ri­ 9-njy maý­da mä­lim edi­ler.

Des­lap­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Su­da­rat Ke­ýu­ro­fa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky “Taý­lar üçin” par­ti­ýa­sy Par­la­ment­de 137 or­na, Pra­ýut Çan Oça­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky hä­zir­ki do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa “Halk döw­let güý­ji” 118 or­na, “Ge­le­jek” par­ti­ýa­sy 86 or­na, De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy 54 or­na, “Bum­ýaž­taý” par­ti­ýa­sy 52 or­na, Taý li­be­ral par­ti­ýa­sy hem 11 or­na eýe bol­dy.
2014-nji ýy­lyň maý aýyn­da Pra­ýut Çan Oça ko­rol­ly­gyň Prem­ýer-mi­nistr­li­gi­ne bel­le­nip­di. 51,4 mil­li­on ada­myň ses ber­mä­ge hu­ku­gy bo­lan ýurt­da 92 müň 320 saý­law uças­to­gy dö­re­dil­di. Saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri esa­syn­da Par­la­ment ýur­duň tä­ze Prem­ýer-mi­nist­ri­ni saý­lar.