Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 2019-njy ýylda Russiýa-Afrika sammitini geçirmek boýunça guramaçylyk komitetini döretmegi tabşyryk berdi. Russiýanyň Prezidentiniň degişli karary Kremliň resmi internet portalynda mälim edilipdir.
Prezidentiň kararyna laýyklykda, Russiýa-Afrika sammitini geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň başlyklygyna döwlet ýolbaşçysynyň kömekçisi Ýuriý Uşakow bellenipdir. Guramaçylyk komitetiniň harajatlaryny üpjün etmek Russiýanyň hökümetine tabşyryldy.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň bellemegine görä, Russiýa-Afrika sammiti şu ýylyň güýzünde geçiriler.