Ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, degişli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda nagt däl hasaplaşygy giňden ýola goýmak, ykjam aragatnaşyk tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanyp, islendik harytlar we hyzmatlar üçin töleg geçirmäge mümkinçilikler döredilýär.
Biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, dünýäniň ösen ýurtlarynyň aglabasynda raýatlar harytlar we hyzmatlar boýunça hasaplaşykda nagt däl hasaplaşyk görnüşinden peýdalanýarlar.
Bu babatda “Forex Bonuses” kompaniýasynyň bilermenleri barlag işlerini geçirdiler we hasaplaşyklarda nagt puly az ulanýan ýurtlaryň sanawyny taýýarlady.
Bilermenler seljermäniň çäklerinde bir adamyň debit we kredit kartlarynyň mukdary, nagt däl hasaplaşygyň meşhurlygynyň ösüşi, şeýle hem ykjam telefonlar arkaly hasaplaşyklary amala aşyrmak babatda umumy habardarlyk görkezijilerini gözden geçirdiler.
Kanadada elektron töleg ulgamy giňden ýaýrandyr. Ýurduň her bir raýatynda ortaça 2-den köp kredit karty bar. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2020-nji ýylda dünýäde hiç hili nagt hasaplaşyklar geçirilmeýän ýurtlar peýda bolar. Häzirki wagtda bu ugurda öňegidişlikler emele gelýär. Nagt pul bilen hasaplaşykdan ýüz öwürýän adamlaryň sany barha köpelýär.
Şwesiýa Ýewropada nagt däl hasaplaşykda öňdeligi eýeleýär. Bu ýurtda tölegleriň 59 göterimi elektron töleg ulgamy arkaly amala aşyrylýar. Bu sanawy düzüjileriň bellemegine görä, elektron töleg ulgamyna hökümet we bank edaralary tarapyndan aňsatlyk bilen gözegçilik edip bolýar. Ol hem dürli galplygyň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Beýik Britaniýa elektron töleg ulgamynyň dürli görnüşlerinden habardar ýurtlaryň biridir. Ýurduň ilatynyň 47 göterimi öz ykjam telefonlary arkaly töleg geçirmegiň mümkinçiliklerinden peýdalanýar.
Seljermäniň netijelerinden gelip çykyşyna görä, elektron töleg ulgamy kagyz pullaryndaky galplaşdyrmalary hem çäklendirmäge şert döreder.
ABŞ-da kredit karty ençeme ýyldan bäri durmuşyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Bu ýagdaýy üýtgetmek mümkin däl. Ýurduň her bir raýatynda azyndan 3 sany kredit karty bar. Hytaýda hem soňky 5 ýylyň dowamynda elektron töleg ulgamy ep-esli derejede ýokarlandy. Germaniýada müşderi hasaplaşyklarynyň üçden bir bölegi nagt däl hasaplaşyk arkaly amala aşyrylýar.
Nagt däl hasaplaşygyň tarapdarlary bu ulgamyň hasaplaşygyň çalt depginde amala aşyrylmagyna hem-de puluň ogurlanmak howpunyň azalmagyna şert döredýändigini belleýär. Tehnologiýanyň çalt depginde ösmegi kompaniýalara hem öz müşderilerine hasaplaşygy nagt däl görnüşde amala aşyrmagyna mümkinçilik döretdi. Bu ulgamyň giňden ýaýramagy bilen onlaýn-bank hem-de onlaýn-söwda hyzmatlary peýda boldy.
Orazdursun Geldiýewa,
Türkmenbaşy etrabynyň 18-nji orta
mekdebiniň mugallymy.