Adamzadyň maddy we ruhy baýlygynyň egsilmez hazynasyna öwrülen, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ylymdyr medeni gymmatlyklarymyz hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, mirasymyz giňden öwrenilýär. Şolaryň biri-de orta asyrlarda ýaşap geçen zehinli türkmen alym lukmany Jelaleddin Hydyr ibn Aly Hattapdyr. XIV asyrda Hajy Paşa lakamy bilen tanalan Jelaleddin Hydyr bilimini artdyrmak niýeti bilen, Müsürde Muhammet ibn Mahmyt Ekmeleddin Babertiden sopuçylykdyr kelam, tefsirdir tebipçilik ugurlaryndan sapak alypdyr. Akyldar hekim Jelaleddin Hydyr döreden eserleriniň aglabasyny arap dilinde ýazypdyr. Onuň ”Kitabut-taglym” (Tälim – terbiýe hakynda kitap), ”Kitabul-feride” (Edep hakynda kitap), ”Kitabus-sagada” (Bagtyýarlyk kitaby) ýaly gymmatly kitaplary okuw gollanmasy hökmünde medreselerde peýdalanylypdyr.
Jelaleddin Hydyr Müsürde hökümdarlyk eden türkmen soltany Seýfeddin Mansur Kalawunyň esaslandyran ”Daruttybbyýe” (Şypa öýi) atly hassahanasynda baş hekim bolup işläpdir. Ol göz, döwük – ýenjik, iç kesellerini hirurgiýa arkaly bejermekde ilkinjileriň biri bolupdyr. Onuň teklibi bilen ýokanç we ýokanç däl keselli hassalar aýry-aýry otaglardyr bölümlerde ýerleşdirilipdir. Bu bolsa, ýokanç keselleriň ilat arasynda köpçülikleýin ýaýramazlygynyň öňüni alypdyr.
Jelaleddin Hydyryň bize miras galdyran iň ajaýyp işleriniň biri-de ”Dertlere derman“ atly eseridir. Lukmançylyk baradaky çeşmelere we alymlaryň ylmy garaýyşlaryna salgylanylyp ýazylan bu düýpli iş dünýä lukmançylygynda hem gymmatly bolup, dertleri anyklamakda, duş gelýän meňzeş alamatlary tapawutlandyrmakda, olary netijeli bejermekde häzirki döwrüň lukmanlary üçin hem peýdaly gollanmadyr.
Keselleri anyklamakda, olary bejermekde öz iş tejribeleridir gözegçilikleri arkaly subut eden, döwrüniň ylmy açyşlaryndan baş çykaryp, ömrüni lukmançylykdyr ylma bagyşlan bu meşhur lukman ýazgysynda şeýle diýýär: ”Hassa adamlarda ýüze çykýan alamatlardyr kesellere garşy ulanylýan däri-dermanlary beýan etdim. Her haçan bir ýerde ussat lukman bolmadyk halatynda, enşalla, bu kitaba görä, dertliler peýda tapar diýen umyt bilen esere ”Muntahaby şyfa” (Dertlere derman) diýen at berdim. Munda däri-dermanlar kesellere görä görkezilendir. Eger olary dogry ulanmagy başarsalar, adamlar peýda taparlar. Peýda tapanlar bolsa, men biçärä doga-dileg etmegi unutmasynlar”.
Jelaleddin Hydyr keselleri anyklamakda, bejermekde, öňüni almakda toplan tejribelerini ymykly özleşdiripdir, meselä tebipçilik nukdaýnazaryndan çemeleşipdir, özüniň synag-tejribe işleri bilen üstüni ýetiripdir. Kitapda 200 töweregi keseliň döreýiş sebäpleri, alamatlary, olary melhemdir emler bilen bejermegiň ýollary salgy berilýär. Olardan alma, gawun, garpyz, üzüm, nar, sarymsak, ysmanak, beýi, kişmiş, atgulak, noýba, kädi, burç, käşir, injir, hoz, şekerçiňrik, süýtleňňiç, arpabadyýan, düýedaban, üzärlik, şugundyr, hyýar, çopantelpek, topalak, demirtiken, böwürslen, sogan, andyz, kyrkbogun, arpa, itüzüm, yşgyn ýaly miwelerdir ösümlikleriň, otlaryň aglabasy güneşli ülkämizde duş gelýär.
Tebipçiligiň öz döwründe gazanan gymmatlyklary, tejribeleri hakda maglumat berilýän bu ajaýyp kitapda keselleri bejermekde giňden ulanylýan dermanlardyr emler, olaryň ýasalyşy, ulanylyşy, dermanlyk häsiýetleri, adamyň saglygyna edýän täsirleri, sagdyn adamlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda sagdyn durmuş ýörelgesi, dogry iýmitlenmegiň ähmiýeti barada aýdylýar. Şeýle hem kitapda kellagyry, gözagyry, gulagagyry, dişagyry, aşgazandyr bokurdakda ýüze çykýan agyrylar, dümew, sowuklama, demgysma, gyzamyk ýaly dertlerden saplanmagyň hem ýollary salgy berilýär. Däri-dermanlar beýan edilende bolsa, ”bu synag edildi, tejribeden geçirildi“ diýilýär. Bu bolsa, ylmy–barlaglaryň netijesinde tassyklanan ygtybarly maglumatlary aýan edýär.
Häzirki döwürde keselleri anyklamak, olaryň öňüni almak, bejermek ýaly gymmatly maslahatlary bilen bu ajaýyp kitap lukmanlardyr alymlar, orta, ýokary lukmançylyk mekdepleriniň talyplarydyr okyjylar köpçüligi üçin egsilmez çeşmedir.
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan bu gymmatly kitap milli Liderimiziň howandarlyk etmeginde ilkinji gezek neşir edildi.
Aýjemal Berdimyradowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň mugallymy.