Häzirki wagtda bütin dünýäde daşky gurşawy goramak iň möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Degişli ugurlaryň hünärmenleri bu il bähbitli tutuma mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýar. Şeýlelikde, daşky gurşawy goramak babatda täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda hem halkara giňişliginde seslenme döredýän taslamalaryň oňyn goldaw tapyp, netijeli dowam etdirilýändigini aýtmak gerek.
2017-nji ýylda geçirilen Aşgabat Aziadasynyň başlanmagyna 50 we 30 gün galmagy mynasybetli geçirilen welosipedli ýörişler ýurdumyzda soňlugy bilen gyzgyn goldawa eýe boldy. Şonuň netijesinde, 2018-nji ýylyň başynda bu ýörelge Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça guralan welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşy bilen üstünlikli dowam etdirildi. Bu ýaryşlar medeni-taryhy ýadygärliklerimizi wagyz etmek bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemra edinmäge çagyryş boldy. Şol bir wagtyň özünde welosipedli ýörişiň ekologiýa taýdan iň arassa ulagy wagyz etmekde hem bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bardyr.
Netijede, ýurdumyzyň çäginde durmuşa geçirilýän tutumly başlangyçlar halkara guramalarynyň goldawyna mynasyp boldy. Geçen ýylyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmegi bu aýdylanlary tassyklaýar.
Ýene bir Kararnama – “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” Kararnama kabul edildi. Ol ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Aral meselesini çözmek boýunça bilelikdäki işiň doly derejeli halkara guralyny döretmäge degişlidir.
Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasy 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy bilen Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ugur boýunça döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça alyp barýan ägirt uly işlerini oňlady we goldady.
2018-nji ýylyň sentýabrynda guralan “Amul-Hazar 2018” atlyhalkara awtorallisiniň ekologiýa taýdan arassa ýaryşlaryň hataryna girizilmegi bolsa, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak bilen bagly taslamalaryň dowamly durmuşa geçirilip, jemgyýetiň barha köp bölegini öz içine alýandygyny görkezýär.
2019-njy ýylyň 20-nji martynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz degişli ulgamyň ýolbaşçysyna dünýäde iri awtomobil öndürijileriniň biri bolan “Toyota” korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, bu kompaniýanyň awtomobil zawodyna baryp görmegi hem-de önümçiligiň guralyşy, ekologiýa taýdan arassa döwrebap ulag serişdeleriniň we elektromobilleriň dürli kysymlary bilen tanyşmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, täze görnüşli awtoulag tehnikalaryny Türkmenistana getirmek meselesiniň üstünde işlemek barada görkezme berildi.
Milli Liderimiz awtoulaglaryň täze görnüşlerini satyn almak mümkinçiligine seretmegiň möhümdigi barada aýdyp, şolara howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologiýa babatda aýratyn ýokary talaplaryň bildirilýändigini nygtady. Munuň özi milli Liderimiziň türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy hakynda yzygiderli alada edýändigini nobatdaky gezek subut edýär. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýokdur!
Meretgül TAGANMYRADOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.