31-nji mart­da Uk­rai­na­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da ses­le­riň 30,26 gö­te­ri­mini alyp “Hal­kyň hyz­mat­kä­ri” par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy, prod­ýu­ser Wla­di­mir Ze­lens­kiý ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ba­ra­da Uk­rai­na­nyň Merkezi saý­law ko­mis­si­ýa­sy býul­le­ten­le­riň 100 gö­te­ri­me go­la­ýy­ny sa­nan­dan soň­ra mä­lim et­di.
Şeý­le hem “Raý­daş­lyk” par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Pýotr Po­ro­şen­ko ses­le­riň 15,92 gö­te­ri­mi­ne, “Bat­kiw­şi­na” par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ýu­li­ýa Ti­mo­şen­ko ses­le­riň 13,38 gö­te­ri­mi­ne eýe bol­dy. “Dur­muş üçin” par­ti­ýa­sy­nyň li­de­ri Ýu­riý Boý­ko 11,53 gö­te­rim ses bi­len dör­dün­ji or­ny eýe­le­di.
Pre­zi­den­t saý­law­la­ry­na je­mi 39 da­laş­gär gat­naş­dy. Mer­ke­zi saý­law ko­mis­si­ýa­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, saý­law­la­ra 18,5 mil­li­on adam gat­naş­dy. Ýurt­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­ga gö­rä, saý­la­wyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri­si 50 gö­te­rim­den köp ses alyp bil­me­se, onuň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­lip, oňa iň köp ses alan iki da­laş­gär gat­naş­ýar. Saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry 21-nji ap­rel­de ge­çi­ri­ler.