31-nji martda Slowakiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda “Öňdebaryjy Slowakiýa” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Zuzana Çaputowa 58,4 göterim ses bilen ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, ýurduň taryhynda ilkinji gezek döwlet baştutanlygyna zenan saýlandy. Onuň garşydaşy Ýewropa komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Şefçowiç sesleriň 41,6 göterimine eýe boldy.
Zuzana Çaputowa 1993-nji ýylda Garaşsyzlygyny alan Slowakiýanyň bäşinji Prezidenti bolar. Saýlawyň öň ýanyndaky kampaniýada häzirki döwlet Baştutany Andreý Kiska Zuzana Çaputowa goldaw berdi. 2014-nji ýylda häkimiýete gelen häzirki Prezident Andreý Kiskanyň ygtyýarlyk möhleti 14-nji iýunda tamamlanýar. Ol geçen ýyl bu wezipä ikinji möhlete dalaşgär bolmajakdygyny aýdypdy. Saýlanan Prezident 15-nji iýunda öz wezipesine girişer. Slowakiýanyň 4,5 million töweregi saýlawçysyndan 42 göterimi saýlawlara gatnaşdy.