31-nji martda Parižiň dünýä belli nyşany Eýfel diňiniň gurlanyna 130 ýyl doldy. Ol 1889-njy ýylda Parižde geçirilen Bütindünýä sergisinde wagtlaýyn desga hökmünde gurulýar. Emma şäher ilatynyň gyzyklanmasynyň ýokarydygy sebäpli diňi saklaýarlar. Gysga wagtdan oňa çykyp görmek isleýänlerden töleg alnyp başlanýar we ol gurmak üçin edilen çykdajylary ödeýär. Öz döwri üçin adaty däl demir gurluş wagtyň synagyndan üstünlikli geçýär. Diňi taslan inžener Gýustaw Eýfeliň agtygy Sawen Ýetman Eýfel atasynyň ozalky kabinetine çykyp gördi. Eýfeliň kaşaň iş otagy diňiň ýokarky böleginde – 285 metr belentlikde ýerleşýär. Inženeriň we aýalynyň mumyýadan edilen heýkelleri goýlan otag 2015-nji ýylda hemmeleriň baryp görmegi üçin elýeterli edildi. Uzak wagtlap ýapyk duran bu iş otagynyň Eýfeliň döwründen bäri hiç zady üýtgedilmändir. Ol ýerdäki mebeller, kartinalar, diwaryň oboýy we roýal owalbaşdakysy ýaly saklanyp galypdyr. Otaga ýakyndan syn etmek giriş biletiniň bahasyna degişli bolup, ýöne onuň içine girip görmäge rugsat berilmeýär. Ony aýnanyň aňyrsyndan synlap bolýar. 130 ýaşly diňde heniz garrylygyň alamatlary duýulmaýar we ol tehniki ösüşiň alamaty bolmagynda galýar.