Ýa­po­ni­ýa­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze eý­ýam “Reý­wa” di­ýip at­lan­dy­ryl­dy. Bu ba­ra­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň baş sek­re­ta­ry mä­lim et­di. Ýo­si­hi­de Su­ga ýa­pon te­le­ýaý­ly­myn­da gö­ni ýaý­lym ar­ka­ly iki iýe­rog­lif­den yba­rat bo­lan “Reý­wa” (Ter­tip we saz­la­şyk) di­ýen ýaz­gy­ny gör­kez­di. Ga­dy­my dä­be gö­rä, Ýa­po­ni­ýa­da tag­ta çy­kan tä­ze im­pe­ra­to­ryň çy­kyş eden gü­ni ýurt­da tä­ze eý­ýa­myň bi­rin­ji ýy­ly hasaplan­ýar.
Şeý­le­lik­de, tagt mi­ras­dü­şe­ri Na­ru­hi­to ka­ka­sy­nyň or­nu­na tag­ta çy­kan­da, ýurt­da “Reý­wa” eý­ýa­my baş­lan­ýar. Hä­zir­ki 85 ýaş­ly im­pe­ra­to­r Aki­hi­to ýa­şy bir çe­ne ba­ran­ly­gy üçin öz is­le­gi bi­len tagt­dan el çek­ýär. Onuň eý­ýa­my “Heý­seý” (Pa­ra­hat­çy­lyk) diýip at­lan­dy­ry­lyp, 31 ýyl do­wam et­di. 59 ýaş­ly Na­ru­hi­to ýur­duň 126-njy im­pe­ra­to­ry bo­lup, şu ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da tag­ta çy­kar.