ABŞ-nyň ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de ABŞ-nyň döw­let de­par­ta­men­ti­niň tä­ze res­mi we­ki­liniň ýe­ne-de “Fox News” te­le­ýaý­ly­my­nyň işgärlerinden biri Mor­gan Or­ta­gusyň bol­jak­dy­gy mä­lim edil­ýär. Mor­gan Or­ta­gus “Fox News”-dan öň, ABŞ-nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy agent­li­gi­niň met­bu­gat gul­lu­gyn­da (USAID) hem-de ABŞ-nyň Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da­ky il­çi­ha­na­syn­da iş­ledi.
ABŞ-nyň Döw­let de­par­ta­men­ti­niň hä­zir­ki resmi wekili He­zer Nauert we­zi­pe­sin­den gi­dip, “Fulb­raýt” bi­lim mak­sat­na­ma­syn­da işe dur­dy. Bu bi­lim mak­sat­na­ma­sy 1946-njy ýyl­da se­na­tor Jeýms Wil­ýam Fulb­raýt ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy. Döw­let sek­re­ta­ry Maýkl Pom­peo He­zer Nauer­te bitiren uly işleri üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, onuň “Fulb­raýt” mak­sat­na­ma­syn­da Ame­ri­ka­ny bilim babatda has-da ösdürjekdigine ynam bil­dir­di. Maýkl Pom­peo bu ba­ra­da özü­niň “Twit­ter” ak­ka­un­dyn­da ha­bar ber­di.
He­zer Nauert 2017-nji ýy­lyň 24-nji ap­re­lin­den bä­ri ABŞ-nyň Döw­let de­par­ta­men­ti­niň resmi wekili bolup işleýärdi.
Öň­ He­zer Nauert “Fox News” te­le­ýaý­ly­myn­da iş­le­di. 2018-nji ýy­lyň 7-nji de­kab­ryn­da ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp Nauer­ti BMG-de ABŞ-nyň he­mi­şe­lik wekili we­zi­pe­si­ne hö­dür­le­me­gi ni­ýet edin­ýän­di­gi­ni mä­lim edip­di. Few­ral aýyn­da Nauert ABŞ-nyň BMG-dä­ki he­mi­şe­lik wekili we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­lik­den el çek­di.