Budapeşti, Bratislawany, Ostrawany we Warşawany birikdirjek ýokary tizlikli demir ýol ulgamy Wyşegrad dörtlügi – Wengriýa, Slowakiýa, Çehiýa we Polşa tarapyndan başlanan iň uly taslamalaryň biri bolar. Bu barada Wengriýanyň daşary işler we söwda ministri Peter Ssiýarto Ýewropanyň maýa goýumlary bankynyň (EIB) wise-prezidenti Wazil Hudak bilen geçirilen gepleşiklerden soňra mälim etdi. “Häzirki wagtda taslamanyň tehniki-ykdysady binýatlary taýýarlanýar, Wyşegrad dörtlügi ýurtlary EIB bankynyň bu taslamany bölekleýin maliýeleşdirmegine garaşýarlar” – diýlip, daşary işler ministrliginiň beýanatynda mälim edilýär.
Wengriýa mundan beýläk hem Günbatar Balkanda we Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda EIB-niň karz amallaryny makullar diýip, Wengriýanyň daşary işler we söwda ministri Peter Ssiýarto aýtdy.