Geljekde Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” taslamasynyň ugrundaky ýurtlara maýa goýumlary has köp goýlar. Bu barada Hytaýyň habar beriş serişdeleri mälim edýärler.
Resmi maglumatlara görä, hytaý şereketleri geçen ýyl “Bir guşak, bir ýol” taslamasyna gatnaşýan 56 döwletiň dürli pudaklaryna 15,64 milliard dollar maýa goýupdyr. Bu bolsa, 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 8,9 göterim köpdür.
Hytaýyň 2018-nji ýylda daşary maýa goýumlaryny ösdürmek baradaky hasabatynda “Bir guşak, bir ýol” ýurtlaryna maýa goýumlarynyň mukdaryny has-da artdyrýandygy we bu ýurtlar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edýändigi bellenip geçilýär. Elektrik energiýasy, transport, nebit, nebit-himiýa, gurluşyk we beýleki pudaklardan başga-da, kärende, täjirçilik hyzmatlary, lomaý we bölek söwda, maglumat alyş-çalşygy ýaly ugurlarda hem maýa goýumlarynyň mukdarynyň barha artýandygy aýdylýar.