2017-nji ýylda elektron söwdanyň dünýä bazaryndaky paýy 13 göterim bolup, onuň dolanyşygy 29 trillion dollara deň boldy. Bu barada BMG-niň söwda we ösüş boýunça maslahatynyň (UNCTAD) bilermenleri habar berýärler. Onlaýn satyn alyjylaryň sany artyp, 12 göterim köpelipdir. 1,3 milliard adam – dünýä ilatynyň dörtden biri harydy internet arkaly satyn alýar. Internet ulanyjylaryň köpüsi harytlary we hyzmatlary öz ýurdunyň çäklerinden satyn alýarlar. Şeýle-de daşary ýurtlardan önüm sargyt edýänleriň sany 21 göterime çenli artyp, esasan, Birleşen Ştatlaryň satyn alyjylarynyň hasabyna artýar. Netijede, “satyn alyjylar üçin biznes” taslamasy boýunça halkara elektron söwdasynyň möçberi 4 göterim artyp, 412 milliard dollara ýetdi.
Täze görkezijiler elektron söwdanyň birgiden mümkinçiliklere güwä geçýändigini ýüze çykardy – diýip, BMG-niň söwda we ösüş boýunça maslahatynyň (UNCTAD) başlygy Mukişa Kitui aýtdy.
Elektron söwdasynyň dünýä liderleriniň sanawy soňky birnäçe ýylyň içinde üýtgemedi. Başdaky üç orny ozalkylar ýaly ABŞ, Ýaponiýa, we Hytaý eýeleýär. Internet söwdasynda ägirtleriň onlugyna Germaniýa, Günorta Koreýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Kanada, Hindistan we Italiýa girýär.