Müsürde 2019-2020-nji maliýe ýylynyň dowamynda bir gije-gündizde 8 milliard kubfut (226 million 535 müň kub metr) töweregi tebigy gaz çykarylar. Bu meýilnama indiki tapgyrda gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça ähli taslamalar amala aşyrylandan soňra berjaý ediler.
Bu barada Müsüriň nebit we mineral ätiýaçlyklar ministri Tarik Al-Mulla ýurduň milli gaz kompaniýasy EGAS-yň maslahatynda mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, ýurtda şeýle mukdardaky gazyň çykarylmagy ministrligiň strategiýasynyň üstünliginiň, şeýle hem Müsürdäki syýasy we ykdysady durnuklylygyň gönüden-göni netijesi bolup durýar. Ýurt häzirki maliýe ýylynyň birinji ýarymynyň dowamynda öz-özüni tebigy gaz bilen üpjün etmek ukybyna eýe boldy. Üstümizdäki maliýe ýylynyň ikinji ýarymynda ýurtda “Giza-gaýum”, “Niduka-Gmaýel”, “Zohr” we “Abunaga” ýaly 4 sany gaz taslamasyny amala aşyrmak hem-de Demirgazyk Sinaýdaky taslamanyň ikinji tapgyryny tamamlamak meýilleşdirilýär diýip, ЕGАS gaz kompaniýasynyň başlygy Usama Al-Beklin habar berdi.