Halkara reýting agentligi ”Fitch Ratings” dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň sanawyny mälim etdi. Bu barada maliýe maglumatlary agentligi “Bloomberg” habar berýär. Şeýlelikde, halkara reýting agentliginiň bilermenleriniň pikirine görä, Saud Arabystanynyň döwlet nebit kompaniýasy “Aramco” 2018-njy ýylda iň girdejili kompaniýa boldy. Agentligiň maglumatlaryna görä, “Aramco”-nyň salgytdan öňki girdejisi 242 milliard dollara deň bolup, ol dünýäniň iň ýokary görkezijisi boldy. Reýtingiň ikinji ornuna 81,8 milliard dollar girdejisi bilen amerikan kompaniýasy “Apple” eýe boldy. Üçünji orny 77,6 milliard dollar girdejisi bilen Günorta Koreýanyň “Samsung Electronics” kompaniýasy, dördünji orny 53,3 milliard dollar görkezijisi bilen britan-niderland nebitgaz kompaniýasy “Royal Dutch Shell”, bäşinji orny bolsa, 40,4 milliard dollar girdejisi bilen amerikan holding kompaniýasy “Alphabet” we amerikan nebit kompaniýasy “ExxonMobil” eýeledi. Ýeri gelende aýtsak, soňky 10 ýyl töweregi wagt bäri tehnologiýa kompaniýalary girdeji babatda nebitgaz şereketlerinden ozdurypdy. Emma nebitiň halkara bazardaky bahasy hem-de “Aramco”-nyň paýnamalarynyň belli bir bölegini satmak baradaky meýilnamalary saud kompaniýasynyň girdejilerini görnetin ýokarlandyrdy.