Saud Arabystanynyň baş maýa goýumlary gaznasy söwda maksatly dikuçarlaryň önümçiligi boýunça ilkinji kompaniýanyň işe giriziljekdigini mälim etdi. Bu kompaniýa ýurduň esasy şäherlerine hususy howa gatnaw hyzmatlaryny hödürlär, şeýle hem Saud Arabystanynyň dürli künjeklerine syýahat maksatly gezelençleri ýola goýar. Dikuçarlary öndürmek boýunça kompaniýa ilkinji 65 million saud rialy bilen esaslandyrylyp, ol korollygyň lýuks derejesindäki syýahatçylyk pudagynda ösen islegleri kanagatlandyrar. Ýurduň iri şäherlerine dikuçar arkaly gatnaw hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen, dikuçarlary öndürmäge kompaniýalaryň netijeli gatnaşmagy howa gatnawlary hyzmatlaryny berkitmekde we giňeltmekde ägirt uly goşant goşar.
Şeýle hem ol ýurduň uzakdaky syýahatçylyk künjeklerine rahat uçuşy üpjün eder. Bu başlangyç durnukly girdejileri artdyrmaga, şeýle hem “Görüş – 2030” strategiýasyny amala aşyrmak boýunça tagallalary berjaý etmäge gönükdirilendir.