9-njy aprelde Ysraýylda geçirilen nobatdan daşary Parlament saýlawlarynda häzirki Premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky “Likud” partiýasy sesleriň 100%-i sanalandan soň, 120 orunlyk Parlamentden 36 kürsä eýe boldy. Beni Gansyň ýolbaşçylygyndaky “Kahol-Lawan” bileleşigi bolsa, 35 kürsä eýe boldy. Netanýahu garşydaşyndan 14 müň köp ses aldy.

8-nji ap­rel­de Mosk­wa­da Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bi­len Tür­ki­ýä­niň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýip Är­do­ga­nyň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Döw­let ýol­baş­çy­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki rus-türk hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň 8-nji mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy­lar. Mas­la­hat­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň 25,5 mil­liard dol­la­ra ýe­ten­di­gi bel­le­nil­di.

Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len Af­ri­ka Res­pub­li­ka­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy 2010-njy ýyl­dan bä­ri 3 es­se ar­typ, 14,8 mil­liard dol­la­ra ýe­tdi.

26-27-nji ap­rel­de Hy­taý­da “Bir gu­şak – bir ýol” hal­ka­ra fo­ru­my ge­çi­ri­ler. Onuň il­kin­ji fo­ru­my ge­çen ýy­lyň ma­ýyn­da Pe­kin­de ge­çirilipdi. Maslahata bir­nä­çe döw­let we hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gat­na­şyp­dy.

Mal­ta­nyň tä­ze Pre­zi­den­ti ozal­ky da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Jorj Wel­la saýlan­dy. Ol Wal­let­ta­da Par­la­men­tiň mas­la­ha­tyn­da ka­sam ka­bul edip, resmi taýdan we­zi­pe­si­ne gi­riş­di.

Weng­ri­ýa­da 5-22-nji ap­re­l aralygynda do­wam et­jek ýur­duň iri me­de­ni çä­re­si – ba­har fes­ti­wa­ly baş­la­ndy. Iki hep­dä­niň do­wa­myn­da bu ýer­de on­lar­ça ser­gi­ler, kon­sert­ler we teatr sah­na­la­ry gu­ralar. Mi­ke­lan­je­lo­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­sin­de us­sat su­rat­ke­şiň iş­le­ri we XVI asy­ryň beý­le­ki su­rat­keş­le­ri­niň iş­le­ri gör­ke­zi­ler.

Fran­si­ýa­nyň im­pe­ratory Na­po­le­on Bo­na­par­tyň tag­ty Ose­nat auk­si­on öýi ta­ra­pyn­dan 500 müň ýew­ro sa­tyl­dy.

Sankt-Pe­ter­burg­da 9-10-njy ap­rel ara­ly­gyn­da “Ark­ti­ka – dia­lo­gyň çäk­le­ri” at­ly fo­rum ge­çi­ril­di. Bu fo­ru­ma dün­ýä­niň 11 ýur­dun­dan 350 kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ark­ti­ka se­bi­tin­de yk­dy­sa­dy we so­si­al tas­la­ma­la­ry ös­dür­mek, trans­port inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek we su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy ga­zy ön­dür­mek fo­ru­myň esa­sy te­ma­la­ry bol­dy.

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi we Hy­taý 2020-nji ýyl­da köp ugurly ikita­rap­la­ýyn ma­ýa go­ýum­la­ry yla­la­şy­gy­ny bag­laş­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Bu ba­ra­da ÝB-Hy­taý sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça 9-njy ap­rel­de Brýus­sel­den ýaý­ra­dy­lan bi­le­lik­dä­ki be­ýa­nat­da mä­lim edil­ýär.