Maldiw Respublikasynda geçirilen ählumumy saýlawlarda ýurduň häzirki Prezidenti Ibragim Mohammed Salehiň ýolbaşçylyk edýän Maldiw demokratik partiýasy Parlamentdäki 87 ornuň 60-syna eýe boldy. Saýlawa 386 dalaşgär gatnaşdy. Hindi ummanyndaky adalarda 6-njy aprelde geçirilen saýlawlarda 265 müň töweregi saýlawçy ses berip, gatnaşyk 78 göterim boldy. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen Ibragim Mohammed Salehi gutlady. Hindistanyň günorta-günbataryndaky Maldiw adalarynyň 400 müň töweregi ilaty bolup, ol dünýäniň iň meşhur syýahatçylyk ýerleriniň biridir.