ABŞ-nyň maliýe ministriniň halkara meseleleri boýunça orunbasary 63 ýaşly Dewid Malpas, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylygyna biragyzdan saýlandy. Bu barada bankyň ýaýradan beýanatynda mälim edilýär. Täze ýolbaşçy 5 ýyllyk möhlet bilen saýlanyp, 9-njy aprelde öz işine başlady. Onuň wezipesine Bütindünýä bankynyň ähli guramalarynyň, şol sanda, Halkara abatlaýyş we ösüş bankynyň ýolbaşçylygy girýär.
Malpas, 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen Prezident saýlawlarynda Donald Trampyň baş ykdysady maslahatçysy bolupdy. Ol bu wezipä ýeke-täk dalaşgär bolup, ozalky däbi dowam etdirdi. Däbe görä esaslandyrylan ýyly 1944-nji ýyldan bäri Bütindünýä bankyna ABŞ-nyň raýaty ýolbaşçylyk edýär. Malpas şu ýylyň 1-nji fewralynda wezipesinden giden Jim Ýon Kimiň ýerine geldi. Şondan bäri Bütindünýä bankyny bolgariýaly ykdysatçy, bankyň baş ýerine ýetiriji direktory Kristalina Georgiýewa wagtlaýyn ýolbaşçylyk etdi. Ştab-kwartirasy Waşingtonda ýerleşýän bu bank döwlet we hususy şereketlere pes göterimler ýa-da göterimsiz uzak möhletleýin karzlary berýär. Bu serişdeler bilim, saglygy goraýyş, döwlet dolandyrylyşy, infrastruktura, maliýe we hususy pudaklary ösdürmek, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we tebigy ätiýaçlyklara gözegçilik ýaly ugurlaryň taslamalaryna gönükdirilýär.