Hindistanda 11-19-njy aprel aralygynda Parlament saýlawlary geçirilýär. Onda esasy iki öňdebaryjy partiýanyň – häzirki Premýer-ministr Narendra Modiniň “Bharatiýa janata party” we “Hindi Milli kongresi” partiýalarynyň arasynda esasy bäsdeşlik ýaýbaňlandyrylar. Käbir bilermenler “Bharatiýa janata party” 2014-nji ýyldaky üstünligini gaýtalap, Narendra Modi ikinji gezek ýurduň Premýer-ministri bolar diýip çak edýärler.
Saýlaw komissiýasynda mälim etmeklerine görä, bu ses berlişik dünýä taryhynda saýlawçylaryň sany boýunça iň ulusydyr. Saýlawlara 900 million adam gatnaşar diýlip garaşylýar. Mundan başga-da, bu saýlawlar dünýäniň iň gymmat saýlawy hasaplanýar. Onuň umumy çykdajysy 7 milliard dollardan gowrak bolup, bir saýlawça ortaça 8 dollardan düşýär. Sesleriň sanawy 23-nji maýda tamamlanar.