Hä­zir­ki wagt­da 7,7 mil­liard ila­ty bo­lan dün­ýä­niň ila­ty­nyň art­ma­gy do­wam edip, 2050-nji ýy­la çen­li 9,7 mil­li­ar­da ýe­ter. Bu gör­ke­zi­ji şu asy­ryň ahy­ry­na çen­li 11 mil­li­ar­da deň bolar. Bu çak­la­ma Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ýurt­la­ryň ila­ty we ösü­şi bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň ge­çi­ren 51-nji mas­la­ha­tyn­da mä­lim edil­di. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Ami­na Mo­ham­med mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, soň­ky 25 ýy­lyň için­de bü­tin dün­ýä­de ila­tyň mad­dy hal-ýag­da­ýy­nyň ep-es­li go­wu­la­şan­dy­gy­ny, öm­rüň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy­nyň düýp­li ýo­kar­la­nan­dy­gy­ny bel­le­di.
Dün­ýä­de öm­rüň do­wam­ly­ly­gy 1994-nji ýyl­da 64,9 ýaş­dan 2019-njy ýy­la çen­li 72,3 ýa­şa çen­li ar­typ, 2030-njy ýy­la çen­li ýe­ne-de ýo­kar­la­nar.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň ha­sa­ba­tyn­da ila­tyň sa­ny­nyň art­ma­gy yk­dy­sa­dy we me­de­ni dur­mu­şyň uly şä­her mer­kez­le­rin­de jem­len­me­gi bi­len bir­wagt­da bo­lup geç­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ila­ty­nyň 56 gö­te­ri­mi şä­her­ler­de ýa­şa­ýar. Ge­l­jek­de ila­tyň ösü­şi şä­her ýa­şaý­jy­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy­nyň ha­sa­by­na bo­lup, çak­la­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, 2030-njy ýyl­da 60 gö­te­ri­me, 2050-nji ýyl­da bol­sa, çak bi­len 68 gö­te­ri­me deň bo­lar.
BMG-niň Ýurt­la­ryň ila­ty we ösü­şi bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy 1945-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Ol BMG-niň Yk­dy­sa­dy we So­si­al Ge­ňe­şi­niň kö­mek­çi eda­ra­sy bo­lup, oňa 47 döw­let gat­naş­ýar.

Öm­rüň do­wam­ly­ly­gy art­ýar
Dün­ýä­de öm­rüň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy 2000-nji ýyl­dan 2016-njy ýyl ara­ly­gyn­da 66,5 ýaş­dan 72 ýa­şa çen­li ýo­kar­lan­dy. Şeý­le mag­lu­mat­lar Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň her ýyl ýaý­rad­ýan ha­sa­ba­tyn­da mä­lim edil­ýär. 2000-nji we 2016-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da iki jyn­syň hem öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy 5,5 ýyl art­dy diý­lip ha­sa­bat­da bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem 2000-nji ýyl­dan bä­ri dün­ýä­de “sag­dyn dur­mu­şyň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy” 58,5-den 63,3-e çen­li ar­typ­dyr. Şeý­le hem adam ba­şy­na düş­ýän gir­de­ji­si ýo­ka­ry bo­lan ýurt­lar­da 2016-njy ýyl­da öm­rüň do­wam­ly­ly­gy 80,8 ýy­la, gir­de­ji­si on­çak­ly köp bol­ma­dyk ýurt­lar­da bol­sa, 62,7 ýy­la deň bol­dy. Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 2019-njy ýyl­da dün­ýä­de 141 mil­li­on tö­we­re­gi ça­ga dog­lar, şo­la­ryň 73 mil­lio­ny og­lan, 68 mil­lio­ny hem gyz bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ha­sa­bat­a la­ýyk­lyk­da, aýal­la­ryň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy 74,2, er­kek­le­riň­ki bol­sa, 69,8 bo­lar diý­lip çak edil­ýär.