Moskwada 8-10-njy aprel aralygynda “ARABIA-EXPO 2019” atly dördünji halkara sergisi geçirildi. Bu sergide 3 müňden gowrak gatnaşyjy bellige alyndy. Russiýanyň paýtagtyna Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan 17 wekiliýet geldi. Olaryň arasynda hökümet wekilleri, işewürler bar. Serginiň çäklerinde geçirilen rus-arap forumynda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu sergi rus we arap kompaniýalarynyň ikitaraplaýyn maýa goýumlary we senagat mümkinçiliklerini hödürlemäge oňaýly şertleri döretdi. Serginiň çäklerinde rus-arap işewür geňeşiniň 12-nji mejlisi geçirilip, oňa Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gatnaşdy.
– Russiýanyň we arap döwletleriniň syýasy gepleşikleriniň üsti baý söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen doldurylýar – diýip, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi.
– Häzirki wagtda rus kompaniýalary arap hyzmatdaşlary bilen bilelikde bahasy 40 milliard dollardan gowrak 400-den gowrak maýa goýumlary we eksport taslamalaryny amala aşyryp, olaryň 25 milliardyny rus döwletiniň karzynyň hasabyna maliýeleşdirmek meýilleşdirilýär – diýip, Sergeý Lawrow sözüniň üstüne goşdy.
“Russiýa – arap dünýäsi: umumy geljek üçin hereketiň wagty” bu forumyň şygary boldy. – 15 ýyl mundan ozal, Ýakyn Gündogar bilen söwda dolanyşygy 900 million dollar bolan bolsa, ol häzir 22 milliard dollara baryp ýetdi – diýip, Rus-arap işewür geňeşiniň başlygy Tatýana Gwilowa aýtdy.