Mü­sü­riň sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň baş ýö­rel­ge­si­ni hö­dür­le­di. Sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nist­ri Ra­ni­ýa Ma­şa­tyň aýt­ma­gy­na gö­rä, sy­ýa­hat­çy­lyk ýurt­da bäş sa­ny esa­sy ugur bo­ýun­ça ös­dü­ri­ler. Olar do­lan­dy­ryş we iş­gär öz­gert­me­si, iş­jeň mar­ke­ting stra­te­gi­ýa­sy, tä­ze ba­zar­la­ra çyk­mak, gö­ni ma­ýa go­ýum­la­ry gaz­na­sy­ny işe gi­riz­mek we pu­da­gyň ka­nu­ny esas­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek ýa­ly ugur­lar­dan yba­rat­dyr. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, mi­nistr­lik sy­ýa­hat­çy­lar üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek is­le­ýär we bu mak­sat­la­ra ýet­mek üçin iri çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­me­gi, ser­gi­le­ri gu­ra­ma­gy we jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ry ar­ka­ly ma­ha­bat­la­ry hö­dür­le­me­gi me­ýil­leş­di­r­ýär. Mi­nistr tä­ze ugur­la­ra çy­kyl­ma­gy­nyň Azi­ýa­nyň, Gün­do­gar Ýew­ro­pa­nyň, Uk­rai­na­nyň, Hy­ta­ýyň we Hin­dis­ta­nyň ba­zar­la­ry­na üns ber­mä­ge hem-de Pars aý­la­gy ýurt­la­ryn­da mar­ke­tin­gi gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip aýt­dy. Şeý­le hem Mü­sü­riň sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nist­ri myh­man­la­ra hyz­mat et­me­giň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, myh­man­ha­na­la­ry we dynç alyn­ýan ýer­le­ri abat­la­mak mak­sa­dy bi­len gö­ni ma­ýa go­ýum­la­ry gaz­na­sy­ny ýo­la goý­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.