Şu ýy­lyň 12-13-nji iýu­lyn­da Lýuk­sem­burg­da Azi­ýa inf­rast­ruk­tu­ra ma­ýa go­ýum ban­ky­nyň (Asian Inf­rast­ructu­re Invest­ment Bank) 4-nji mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler. Ban­kyň her ýyl­da ge­çi­ril­ýän mas­la­ha­ty il­kin­ji ge­zek Azi­ýa­nyň çäk­le­rin­den da­şar­da gu­ral­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Lýuk­sem­burg­da fo­ru­ma taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Bu du­şu­şy­ga dür­li ýurt­la­ryň we se­bit­le­riň 1500-den gow­rak we­ki­li gat­na­şar. Bu hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň sa­ny 57-ä ýet­di. HHR-iň baş­lan­gy­jy bi­len esas­lan­dy­ry­lan bu bank köp ta­rap­la­ýyn ösü­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bank il­ki baş­da Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­tin­de ma­li­ýe we öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ ýo­la goý­mak, Azi­ýa­da iri inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di. Ştab-kwar­ti­ra­sy Pe­kin­de ýer­leş­ýän bu maliýe edarasy 2014-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy.
– Hä­zir­ki wagt­da bank di­ňe bir Azi­ýa­nyň ösüp bar­ýan ýurt­la­ryn­da däl, eý­sem, onuň çäk­le­rin­den da­şar­da hem inf­rast­ruk­tu­ra­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin esa­sy bank bol­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär – di­ýip, ban­kyň res­mi we­ki­li Sun Li­ýan aýt­dy.
Mun­dan ozal, ban­kyň baş­ly­gy Jin Li­kun dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­na beril­ýän kar­zyň muk­da­ry­ny has-da art­dyr­jak­dyklaryny mä­lim edip­di. Hä­zir­ki wagt­da ban­kyň 100 mil­liard dol­lar­dan gow­rak ser­ma­ýa­sy bo­lup, bank do­ly güý­jün­de iş­läp baş­lan­dan soň 7,5 mil­liard dol­lara çenli karz­la­ry be­rip ug­raýar.