Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Ha­lid al-Fa­lih Gy­zyl deň­zin­den te­bi­gy ga­zyň ägirt uly gor­la­ry­nyň ýü­ze çy­ka­ry­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ol hä­zir­ki wagt­da “Sau­di Ara­mco” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Ame­ri­ka­nyň gaz tas­la­ma­la­ry­na we Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň ne­bit-hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň tas­la­ma­la­ry­na ma­ýa goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni sö­zü­niň üs­tü­ne goş­dy.
“Sau­di Aramco” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esa­sy iş­le­ri­niň bi­ri hem sa­ud yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­nip dü­zü­len “Gö­rüş – 2030” stra­te­gi­ýa­sy­ny­ ama­la aşyr­mak bo­lup dur­ýar. Bu stra­te­gi­ýa­nyň öň­de goý­ýan mak­sa­dy pa­ty­şa­ly­gyň äh­li elekt­rik öndürýän be­ket­le­ri­niň gaz ulan­ma­ga geç­me­gi bo­lup, bu ýag­daý Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na ne­bi­tiň eks­por­tu­nyň muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer.
Hal­ka­ra Ener­gi­ýa Ge­ňe­şi (World Ener­gy Council) 2014-nji ýyl­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň su­but edi­len te­bi­gy gaz gor­la­ry­nyň muk­da­ry­nyň 8489 mil­liard kub met­re ba­ra­bar­dy­gy­ny, gaz gor­la­ry­nyň su­but edi­len muk­da­ry bo­ýun­ça dün­ýä­de al­tyn­jy or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni mä­lim edip­di.
Şeý­le hem 2017-nji ýy­lyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýurt te­bi­gy ga­zy sarp et­mek bo­ýun­ça bä­şin­ji or­ny eýe­läp, her ýyl­da 109 mil­liard kub metr gaz sarp ed­il­ýär. Ga­zyň sarp edi­li­şi ýyl­da 4-5% ar­typ, ener­ge­ti­ka­da onuň pa­ýy­nyň 40%-e ýe­ten­di­gi ha­bar be­ril­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­duň çäk­le­rin­de ga­zyň çy­ka­ry­ly­şy­ny art­dyr­mak Pa­ty­şa­ly­gyň stra­te­gik mak­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Çün­ki, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek üçin ne­bi­te ga­ra­nyň­da, te­bi­gy gaz has amat­ly bo­lup dur­ýar. Te­bi­gy gaz, di­zel ýan­gy­jy, çig ne­bit we ma­zut elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek üçin esa­sy ýan­gyç se­riş­de­le­ri bo­lup, on­da ne­bi­tiň pa­ýy 30 gö­te­ri­me deň­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýurt elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek mak­sa­dy bi­len her gün­de 900 müň bar­rel ne­bit sarp et­me­li bol­ýar.