Gon­kong dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da goz­gal­ma­ýan em­läk­le­re eýe­çi­lik ed­ýän baý­la­ryň iň köp jem­len­ýän ýe­ri hök­mün­de bi­rin­ji or­na eýe bol­dy. Şä­her­de şah­sy baý­ly­gy 1 mil­liard dol­lar­dan geç­ýän 25 sa­ny aşa baý te­le­ke­çi ýa­şa­ýar. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň meş­hur “Hu­run” žur­na­ly ha­bar ber­ýär. ABŞ-da bol­sa, goz­gal­ma­ýan em­läk ba­za­ryn­da iş alyp bar­ýan mil­li­ar­der­le­riň sa­ny 26-a ýet­ýär. Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da şeý­le mag­nat­la­ryň sa­ny 139-a ýe­tip­dir. Ola­ryň je­mi baý­ly­gy 550 mil­liard dol­la­ra deň di­ýip ha­sap­lan­ýar. Hy­ta­ýyň şä­her­le­rin­dä­ki baý­la­ryň sa­ny dün­ýä bo­ýun­ça umu­my sa­naw­da hem öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Baý­la­ryň sa­ny ba­bat­da ýur­duň Şenç­žen (17), Pe­kin (15) we Guanç­žou (14) şä­her­le­ri öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. Sa­na­wyň on­dan soň­ky bas­gan­çak­la­ryn­da Lon­don (14), Şan­haý (12), Sin­ga­pur (10), Nýu-Ýork (9), Hy­taý me­ga­po­li­si Çun­sin (7), Taý­wa­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi – Taý­peý (6) we hy­taý Fo­şa­ny (6) gel­ýär. Dün­ýä­de goz­gal­ma­ýan em­läk bo­ýun­ça iň baý adam hök­mün­de Şenç­žen­dä­ki “Everg­ran­de” kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Sýu Szýain yk­rar edil­di. Onuň baý­ly­gy 37 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar­dyr.