Şanhaýyň gämigurluşyk kompaniýasy “Hudong-Zhonghua” suwuklandyrylan tebigy gazy daşamak üçin dünýäde iň uly tanker gurar. Gämi 270 müň kub metr suwuklandyrylan tebigy gazy daşamaga ukyply bolup, onuň taslamasy Norwegiýanyň konstruktorlary bilen bilelikde amala aşyrylýar. Gazanylan ylalaşyga laýyklykda, 2020-nji ýyla çenli iki ýurduň konstruktorlary ähli zerur bolan tehniki resminamalary taýýarlap, onuň esasynda hem gurluşyk işleri başlanar.
Suwuklandyrylan tebigy gaz Hytaý bazarynyň ösen zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, Hytaýyň milli korporasiýasynyň (CNOOC) wekili Ýan Hua mälim etdi. Hytaýda tebigy gaza isleg barha artýar. 2018-nji ýylda bu ýurt 53 million tonna suwuklandyrylan tebigy gazy import edip, rekord goýdy. Resmi hasabatlara görä, Hytaýda her ýylda 80 million tonna suwuklandyrylan gazy kabul etmäge ukyply 20-den gowrak terminal guruldy.