Sport, sag­lyk we sy­ýa­hat­çy­lyk — ine, şu­lar soň­ky ýyl­lar­da türk­men jem­gy­ýe­tin­de ýü­ze çy­kan iň bir aý­dyň me­ýil­ler bo­lup dur­ýar. Bu ul­gam­la­ry ös­dür­me­giň dep­gin­le­ri we hi­li mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan kes­git­le­nen, döw­le­ti­mi­ziň esas dö­re­di­ji we­zi­pä — ada­ma gul­luk et­mä­ge, onuň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni we is­leg­le­ri­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len ägirt uly ta­gal­la­la­ry­nyň iň bir aý­dyň we açyk ýü­ze çyk­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Ila­tyň sag­ly­gy, ýurt­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, onuň sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk esa­syn­da ama­la aşyr­mak – hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň bu üç mö­hüm ug­ry Türk­me­nis­tan üçin wa­jyp bo­lan Azia­da—2017 tas­la­ma­syn­da bir­leş­ýär.
Il saglygy – ýurt baýlygy. Çünki adamyň we maşgalanyň diňe bir abadançylygy, zähmeti babatda zerur we göwnejaý şertleriň döredilmegi medeniýetiň derejesini, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini has aýdyň görkezýän ölçeg bolup durýar. Milli Liderimiziň durmuş syýasaty diňe bir ykdysady bähbitlere däl-de, ilkinji nobatda, ruhy-ahlak ýörelgelere we maksatlara gönükdirilendir. Durmuşa degişli ähli maksatnamalar şunuň bilen baglylykda işlenip düzülýär, şolaryň arasynda sagdynlyga degişli köpçülikleýin häsiýetli çärelere aýratyn ähmiýet berilýär.
Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň çöz­gü­di ne­ti­je­sin­de, Aş­ga­ba­dyň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de il­kin­ji bo­lup, 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ka­bul et­mek hu­ku­gy­na eýe bol­ma­gy türk­men döw­le­ti ta­ra­pyn­dan sag­ly­gy go­raý­şy we spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça stra­te­gi­ýa­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ila­tyň be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len köp­çü­lik­le­ýin meş­gul­lan­ma­gy üçin ze­rur şert­le­ri üp­jün edip, be­den taý­dan sag­dyn ýaş nes­li ke­ma­la ge­tir­mä­ge, ýo­ka­ry de­re­je­li tür­gen­le­ri taý­ýar­la­ma­ga amat­ly şert­le­ri dö­re­der di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­ýar. Azia­da mil­li spor­tu­my­zyň dün­ýä de­re­je­si­ne çyk­ma­gy üçin hem uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şo­nuň üçin hem biz bu ugur bo­ýun­ça äh­li iş­le­ri şu gün­le­ri­mi­ze ýe­tip ge­len mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zyň, şol san­da türk­men hal­ky­nyň myh­man­sö­ýer­li­gi esa­syn­da gur­a­ma­ly­dy­rys.
Mil­li Li­de­ri­miz şeý­le mak­sat­dan ugur alyp, V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na 500 gün ga­lan­da, ýurt bo­ýun­ça at­ly ýö­ri­şi gu­ra­mak ba­ra­da baş­lan­gy­jy öňe sür­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2016-njy ýy­lyň 5-nji ma­ýyn­da 500 gün­lük at­ly ýö­ri­şe ba­dal­ga ber­di. At­ly ýö­riş Türk­me­nis­ta­nyň äh­li se­bit­le­ri­ni öz içi­ne alyp, Azia­da — 2017-niň açyl­ýan gü­ni paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň baş bi­na­syn­da pel­le­ha­na ge­ler. Bu wa­ka bi­len birwagt­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň sa­ga­dy, wag­ty yz­ly­gy­na ha­sap­la­ma­ga goý­be­ril­di.
17 sa­ny ça­pyk­su­war­dan yba­rat at­ly­lar to­pa­ry Türk­me­nis­ta­nyň, Azi­ýa Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň baý­dak­la­ry we oýun­la­ryň ala­wynyň nyşany bi­len bu ýer­den ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­ri bo­ýun­ça at­ly ýö­rişe ýo­la düş­di. At­ly ýö­ri­şe gat­na­şy­jy­lar we­la­ýat­la­ryň ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne we gö­zel ýer­le­ri­ne bar­mak bi­len, ýur­du­my­zyň her we­la­ýa­tyn­da ýüz gün bol­ýar­lar. At­ly ýö­ri­şiň ge­çi­şi­ni te­le­gep­le­şik­le­riň we gün­de­lik ne­şir­le­riň üs­ti bi­len syn­la­ma­ga, yzar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik bar.

Sport, bedenterbiýe-sagaldyş we Aziada — 2017

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len “Sag­dyn­lyk we bag­ty­ýar­lyk” şy­ga­ry as­tyn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän çä­re döw­le­tiň baş gym­mat­ly­gy bo­lan adam hem-de onuň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da ýug­ru­lan ýur­du­my­zyň dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.
Şu ýyl köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sagdyn durmuş me­de­ni çä­re­le­riň bi­raý­ly­gy 5-nji ap­rel­den 5-nji maý ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­di. On­da äh­li üns spor­tuň Azia­da — 2017-niň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça gu­ral­ýan bäs­le­şik­le­re gö­nük­di­ril­di. Çün­ki ol bäs­le­şik­le­riň ýe­ňi­ji­le­ri Azi­ýa oýun­la­ryn­da ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny go­ra­jak mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ra da­laş­gär bo­lup dur­ýar­lar. Şeý­le hem bi­raý­ly­gyň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat­da­ky at­çy­lyk sport top­lu­myn­da kon­kur bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň açyk çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di.
Maý aýy­nyň aýa­gyn­da türk­men ça­pyk­su­war­la­ry Biş­kek­de kon­kur bo­ýun­ça ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýa­ryş­da “Ar­ka­la­şy­gyň Ku­bo­gy­na” my­na­syp bol­du­lar. Mil­li at­çy­lyk sport mer­ke­zi­niň tür­gen­le­ri ahal­te­ke be­dew­le­rin­de ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­ke­zip, bi­rin­ji we ikin­ji orun­la­ry eýe­le­di­ler.
2009—2015-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýur­du­myz­da sport mek­dep­le­ri­niň we des­ga­la­ry­nyň 157-si gu­rul­dy, mu­nuň özi türk­men tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­lar­da ga­za­nan ýe­ňiş­le­ri­niň has-da art­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­di. 2009-njy ýyl­da sport mek­dep­le­ri­niň 6-sy ulan­ma­ga ber­len bol­sa, şu ýy­la çen­li ola­ryň sa­ny 112-ä ýet­di.
2015-nji ýyl­da türk­men tür­gen­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň 162-si­ne gat­na­şyp, je­mi 411 me­dal eýe­le­di­ler. Ola­ryň 143-si al­tyn, 98-si kü­müş we 170-si bü­rünç me­dal­lar­dyr. Ola­ryň 74-si dün­ýä bi­rin­ji­li­gi­niň de­re­je­sin­dä­ki, 58-si bol­sa Azi­ýa oýun­la­ry­nyň baý­rak­la­ry­dyr.
2016-njy ýy­lyň il­kin­ji bäş aýyn­da türk­men tür­gen­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň 72-si­ne gat­naş­dy­lar. Ola­ryň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça türk­men tür­gen­le­ri je­mi 219 me­da­la my­na­syp bol­dy. Ola­ryň 74-si al­tyn, 68-si kü­müş we 77-si bü­rünç me­dal­lar­dyr. Mu­nuň özi ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 81 me­dal ar­tyk­dyr. Özi-de me­dal­la­ryň 11-si dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da, 111-si bol­sa Azi­ýa çem­pio­nat­la­ryn­da ga­za­nyl­dy.
Maý aýy­nyň aýa­gyn­da sö­weş sun­ga­ty top­lu­my­nyň bin­ýa­dyn­da sam­bo bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Oňa dün­ýä­niň 17 ýur­dun­dan 400-e go­laý tür­gen gat­naş­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry şol ýa­ryş­da umu­my topar­la­ýyn bäs­le­şik­de bi­rin­ji or­na düş­di. Olar 21 me­dal eýe­le­di­ler. Türk­men to­par­la­ry şol ýa­ryş­lar­da je­mi 66 baý­ra­ga my­na­syp bol­du­lar.
Şeýle hem şu ýer­de gö­reş we gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty­na ba­dal­ga be­rler. Şu­nuň ýa­ly iri ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­me­gi Azia­da – 2017-ä hyz­mat et­jek meý­le­tin­çi ýar­dam­çy­lar üçin hem äh­mi­ýet­li tej­ri­be bo­lar.
Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň gur­lu­şy­gyn­da­ky iş­ler de­giş­li me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, al­nyp ba­ryl­ýar. Onuň des­ga­la­ry­nyň bi­rin­ji no­bat­da­ky­sy­nyň gur­lu­şy­gy 2014-nji ýy­lyň ap­re­lin­de ta­mam­lan­dy. Ikin­ji no­bat­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri bol­sa, 2015-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da do­ly jem­len­di. Şä­her­ji­giň gur­lu­şy­gy­nyň üçün­ji no­bat­da­ky­sy­nyň iş­le­ri bat­ly dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar.
2017-nji ýyl­da onuň meý­dan­ça­syn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler.
Se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk bu top­lum ýur­du­my­zyň spor­tuň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Onuň dü­zü­mi­ne Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de en­jam­laş­dy­ry­lan des­ga­la­ryň 30-dan gow­ra­gy gi­rer. Ola­ryň ha­ta­ryn­da ýa­pyk we açyk suw top­lu­my, we­lot­rek, spor­tuň oý­nal­ýan gör­nüş­le­ri we gim­nas­ti­ka üçin ýa­pyk are­na, gö­re­şiň äh­li gör­nüş­le­ri, agyr at­le­ti­ka, gy­lyç­laş­ma we boks, bou­ling, bad­min­ton we sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­nis üçin ýa­pyk bi­na­lar, ýa­pyk ten­nis kor­ty, pa­rao­lim­pi­ýa mer­ke­zi, tür­gen­le­şik zal­la­ry, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, myh­man­ha­na­la­ry, mag­lu­mat mer­ke­zi­ni we beý­le­ki­le­ri öz içi­ne al­ýan köp san­ly des­ga­lar bar.

Saglygy goraýyş ulgamy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi stra­te­gi­ýa­syn­da döw­le­ti­mi­zi dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy ösü­şi we ila­tyň hal-ýag­da­ýy ba­ba­tyn­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­li kuw­wat­ly döw­let­le­riň ha­ta­ry­na goş­mak we­zi­pe­si öň­de go­ýul­ýar. Bu mak­sa­da ýet­mek üçin mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän äh­li öz­gert­me­ler, ýur­duň baş baý­ly­gy – hal­kyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş bin­ýat­la­ýyn ul­gam hök­mün­de öň ha­ta­ra çyk­ýar.
2009—2015-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da 43 des­ga gu­rul­dy, en­jam­laş­dy­ryl­dy we ulan­ma­ga be­ril­di. My­sal üçin, ge­çen ýyl Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­niň we “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­niň 20 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da bir­nä­çe döw­re­bap luk­man­çy­lyk des­ga­la­ry iş­läp baş­la­dy. Şon­da paý­tag­ty­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Hal­ka­ra okuw yl­my mer­ke­zi, Hal­ka­ra kar­dio­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň tä­ze bi­na­sy, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi açyl­dy, şeý­le hem Hal­ka­ra hi­rur­gi­ýa we en­dok­ri­no­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň bin­ýa­dy tu­tul­dy.
Umu­man, 2015-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de iki has­sa­ha­na, 16 sag­lyk öýi gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di. 2016-njy ýy­lyň me­ýil­na­ma­sy bo­ýun­ça sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ýe­ne 16 eda­ra­sy­nyň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-durmuş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, oba ýer­le­rin­de 44 has­sa­ha­na­nyň, 72 sag­lyk öý­le­ri­niň we mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
2014-nji ýyl­da paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Kar­dio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­kez­li we Gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek mer­kez­li has­sa­ha­nasy ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şeý­le mer­kez­ler Bal­kan, Da­şo­guz, Le­bap, Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da hem açyl­dy. Tiz wagt­dan Aş­ga­bat­da tä­ze luk­man­çy­lyk des­ga­la­ry — Mor­fo­lo­gi­ýa mer­ke­zi, New­ro­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Aý­ra­tyn howp­ly ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­ke­zi we Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş gul­lu­gy­nyň tej­ri­be-önüm­çi­lik we azyk mer­ke­zi ula­nyl­ma­ga ber­ler. Bu eda­ra­la­ryň hem­me­si ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we yl­myň ga­za­nan­la­ry­nyň esa­syn­da gu­rul­ýar.
Tä­ze luk­man­çy­lyk des­ga­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça nä­sag­ly­gyň dur­nuk­ly pe­sel­ýän­di­gi ha­sa­ba alyn­ýar.
Ça­ga dog­ulma­gy­nyň ösü­şin­de hem şeý­le oňyn ýag­daý­lar ha­sa­ba alyn­ýar. Mu­nuň özi bel­li bir de­re­je­de sag­ly­gy go­ra­ýyş inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň ösü­şi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. 2009-njy ýyl­da Türk­me­nis­tan­da 129,9 müň ça­ga dog­lan bol­sa, 2014-nji ýyl­da ola­ryň sa­ny 22,8 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, 168,3 mü­ňe ba­ra­bar bol­dy.
Türk­men te­bi­ga­ty­nyň ösüm­lik dün­ýä­si­niň der­man­lyk ot­la­ryn­dan we ösüm­lik­le­rin­den der­man ön­dür­mek bo­ýun­ça kär­ha­na­lar açyl­dy. 2014-nji ýyl­da Je­bel­de be­je­ri­ji pal­çyk­la­ry we de­ňiz duz­la­ry­ny gap­laý­jy za­wod, şeý­le hem Be­re­ket­de ýod ön­dü­ri­ji kär­ha­na, Da­şo­guz­da aras­sa sar­gy se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ýan kär­ha­na, Aşgabatda “Ber­zeň­ňi” mi­ne­ral suw ön­dür­ýän kär­ha­na we Aba­dan­da zy­ýan­syz­lan­dy­ryş er­gin­le­ri­ni ön­dür­mek bo­ýun­ça za­wod işe gi­ri­zil­di.
Meş­hur türk­men şy­pa­ha­na­la­ry “Baý­ra­ma­ly”, “Ber­zeň­ňi”, “Mol­la­ga­ra”, “Arç­man”, “Da­şo­guz” şeý­le hem “Ýy­ly suw” we “Fa­rap” şy­pa­ha­na­la­ry­nyň düýp­li abat­la­nan­dy­gy­ny hem-de döw­re­bap­laş­dy­ry­lan­dy­gy­ny ýat­la­maz­lyk müm­kin däl. Bu ge­çi­ri­len iş­ler ol şy­pa­ha­na­la­ry ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, ýo­ka­ry amat­lyk­ly sag­ly­gy di­kel­diş mer­kez­le­ri­ne öwür­di. Şy­pa­ha­na­lar­da­ky orun­la­ryň sa­ny 2015-nji ýyl­da 3 müň 266 ýe­re ba­ra­bar bol­dy. Bu bol­sa, 2011-nji ýyl­da­ky­dan 1 müň 75 orun köp­dür.
Şu ýy­lyň maý aýy­nyň ahy­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da tä­ze luk­man­çy­lyk-dur­muş des­ga­sy­nyň – ke­nar­ýa­ka sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gu­rul­jak “Awa­za” hä­zir­ki za­man şy­pa­ha­na­sy­nyň we Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­nyň bin­ýa­dy tu­tul­dy.

Syýahatçylyk pudagy

Jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na döw­let de­re­je­sin­de çe­me­leş­mek bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz köp­çü­lik­le­ýin sport-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň we ýo­ka­ry de­re­je­li spor­tuň hö­wes­len­di­ril­me­gi, ös­dü­ril­me­gi, sag­ly­gy go­ra­ýyş, şy­pa­ha­na-dynç alyş dü­züm­le­ri­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne hem äh­mi­ýet ber­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men hü­när­men­le­ri bi­ziň ýur­du­my­za gu­ral­ýan sy­ýa­hat­çy­lyk ge­ze­lenç­le­ri­ni sa­gal­dyş we me­de­ni-dynç alyş ýerlerine, mu­zeý­le­re, ta­ry­hy ýer­le­re we türk­men te­bi­ga­ty­nyň aja­ýyp­lyk­la­ry­na gu­ral­ýan ge­ze­lenç­ler bi­len ne­ti­je­li ut­gaş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän şert­ler, mil­li däp-des­sur­lar, aş­ha­na bi­len ta­nyş­dyr­mak ýa­ly ugur­la­ryň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. Sy­ýa­hat­çy­ly­gy sag­ly­gy go­ra­ýyş bi­len bag­la­nyş­dyr­ma­gyň kö­me­gi ar­ka­ly ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry baý ta­ry­hy mi­ra­syň, te­bi­gy gö­zel­lik­le­riň, hal­ky­my­zyň myh­man­sö­ýer­li­gi­niň üs­ti bi­len aja­ýyp ýur­duň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na göz ýe­ti­rer­ler.
Hal­ka­ra de­re­je­de hem mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. De­ňiz sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň gel­je­gi uly ha­sap­la­nyl­ýar. «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na goň­şy ýurt­lar­dan sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­mek bo­ýun­ça ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Hu­su­san-da, Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça Türk­men­ba­şy­dan Azer­baý­ja­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han ob­las­ty­nyň de­ňiz men­zil­le­ri­ne aw­to-ýo­lag­çy gä­mi­le­ri­niň gat­na­dyl­ma­gy bu iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ýar. Türk­men ta­ra­py goň­şy döw­let­le­riň sy­ýa­hat­çy­lyk ope­ra­tor­la­ry üçin ýur­du­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry ba­bat­da gö­ni işe­wür gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga ni­ýet­le­nen ýö­ri­te ta­nyş­lyk çä­re­le­ri­ni gu­ra­ma­gy tek­lip ed­ýär.
2016-njy ýy­lyň ýan­war-maý aý­la­ryn­da ýur­du­my­zyň döw­let we hu­su­sy sy­ýa­hat­çy­lyk kär­ha­na­la­ryn­da 21360 ada­ma içer­ki ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Mu­nuň özi ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 7 müň adam ar­tyk­dyr. Şun­da go­şu­lan ba­ha sal­gy­dy ha­sa­ba al­ma­nyň­da, Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ma­li­ýe-ho­ja­lyk işin­den al­nan gir­de­ji­niň ösüş dep­gi­ni 111,88 gö­te­ri­me deň bol­dy. Mu­nuň özi 17,1 mil­li­on ma­na­da ba­ra­bar­dyr. Onuň 13,8 mil­li­on ma­na­dy myh­man­ha­na hyz­mat­la­ryn­dan, 3,2 mil­li­on ma­na­dy bol­sa sy­ýa­hat­çy­lyk hyz­mat­la­ryn­dan alyn­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň yzy­gi­der­li ala­da et­me­gi we gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­ýär we hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Şun­luk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösüş dep­gin­le­ri­ni çalt­lan­dyr­ma­gyň, ony döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, se­riş­de müm­kin­çi­li­gin­den eks­port ug­ru­na geç­me­giň kuw­wat­ly gu­ra­ly­na mö­hüm orun de­giş­li bo­lup dur­ýar. Bu bol­sa, döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da öz or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.