Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ýokary depginde ösüşler gazanylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat, gurluşyk, elektroenergetika, nebit-gaz, ulag we aragatnaşyk ýaly halk hojalygynyň möhüm ulgamlarynda gazanylýan guwandyryjy üstünlikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýokarda agzalan pudaklarda gazanylan üstünliklere göz aýlalyň.
Gurluşyk senagaty
Gurluşyk pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmeginiň netijesinde, durmuş, medeni, senagat we ulag düzümine degişli döwrebap desgalaryň yzygiderli gurulmagyny üpjün edildi. Aýratynam, ýurdumyzyň baş şäheri bolan ak mermerli Aşgabatda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler köp sanly daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrýar.
– «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda jemi 387 sany iri desgany gurup ulanmaga bermegiň, ABŞ-nyň 7 milliard dollary möçberindäki maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny bellemeli.
– Arçabil şaýolunyň ugrunda bina edilen beýik jaýlar özboluşly binagärlik we inženerçilik çözgütleri bilen tapawutlanýar. Demirýol ulaglary ministrliginiň 14 gatly binasy ýa-da ýurdumyzyň Ykdysadyýet we ösüş, Maliýe, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň 16 gatly binalar toplumlary özboluşly şäherçäni emele getirýär. Awtomobil ulaglary, Adalat ministrlikleriniň, Döwlet gümrük gullugynyň, şeýle hem Senagat ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we Balyk hojalygy döwlet komitetiniň edaralary ýerleşdirilen 13 gatly beýik binalar paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň gözelleşmegini üpjün etdi.
– Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kaşaň binasy Aşgabadyň merkeziniň gözelligini emele getirdi. Arçabil şaýolunyň ugrunda “Mejlisler merkezi” kongresler merkezi peýda boldy. Mundan başga-da, Stomatologiýa merkezi we Infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasy, ylmy-kliniki merkezi bolan Kardiologiýa hassahanasy, “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezi, Dezinfeksiýa önümçiligi boýunça kärhana, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi, Halkara gümrük terminaly, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň merkezi edarasynyň binalar toplumy we Serhet instituty, Halkara awtoulag terminaly, ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň öňbaşçysy bolan Aşgabat dokma toplumynyň ikinji nobatdakysy, Döwlet etalon merkezi, Döwlet ösüş bankynyň binasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezi şäher düzüminiň üstüni ýetirdi.
– Paýtagtymyzyň dürli künjeginde gurlan “Abadançylyk”, “Ýyldyz”, “Ylym”, “Sagdynlyk”, “Ak bugdaý”, “Ak şäherim Aşgabat” binalary Aşgabadyň gözellegine görk goşdy. Şeýle hem “Arkadag”, “Ylham”, “Aşgabat” seýilgähleri bilen bir hatarda, dünýä ülňülerine gabat gelýän hazirki zaman söwda merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de onuň myhmanlarynyň esasy dynç alýan ýerine öwrüldi.
– Paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-nji hem-de 13-nji tapgyrlary ulanmaga berildi. 14-nji we 15-nji tapgyrlarynda ýaşaýyş jaý hem-de dürli maksatly binalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Aşgabatda Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumy emele geldi. Bu ýerde 9 gatly ýaşaýyş jaý toplumlary, birnäçe mekdep, çagalar baglary, Saglyk öýi we beýleki durmuş maksatly binalar gurulýar. Mundan başga-da, Köşi ýaşaýyş toplumyny ösdürmek boýunça meýilnama durmuşa geçirilýär.
– 2007-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli bolan ýedi ýylyň dowamynda obadyr etraplarymyzda durmuş maksatly desgalaryň 830-dan gowragy, 4,5 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlary, onlarça müň kilometr ulag ýollary guruldy, suw, gaz, elektrik geçirijiler we telefon aragatnaşygy ulgamy çekildi. Bu işleriň hemmesi üçin ABŞ-nyň 6,5 milliard dollary gönükdirildi.
– 2015-nji ýylda ýurdumyzyň sebitlerinde 2 sany hassahana, 16 sany saglyk öýi, 14 sany çagalar bagy, 15 sany orta mekdep, 9 sany medeniýet öýi, 3 sany sport mekdebi, 4 sany suw arassalaýjy desga, 3968 kilometr suw we gaz geçirijiler, lagym we elektrik geçiriji ulgamlary, 293 kilometr ulag ýollary guruldy. 2340 kilometr telefon ulgamy çekildi. Şunlukda, ýokarda görkezilen milli maksatnamanyň çäklerinde umumy özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 4,9 milliard manada barabar boldy.
– Mundan başga-da, ýurdumyzyň sebitlerinde şäherler bilen bäsleşip biljek döwrebap obalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Golaýda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Bagtyýar zaman obasy ulanmaga berildi.
Ulag we aragatnaşyk ulgamy
Ýurduň ykdysadyýetinde sazlaşykly ösüşiň gazanylmagynda ulag ulgamynyň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamyny ösdürmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin uly tagalla edýär. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly Kararnama kabul edildi.
– Şu ýylyň aprel aýynda 2016-njy ýylyň ahyrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetiniň birinji mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu forum BMG-niň durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ýardam bermek hakyndaky Kararnamasyna laýyklykda, türkmen paýtagtynda geçiriler.
– Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr ulgamyny döretmekde demir ýol pudagy öň hatarda durýar. Bu ulgamda durmuşa geçirilen has ähmiýetli taslamalaryň biri Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoludyr. 2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistandan Sarahs demir ýol menzili arkaly Eýrana synag konteýner otlusynyň ugrandygyny bellemelidiris. Bu otly Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyrdy.
– Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly hem Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynda möhüm orun eýelemelidir. Onuň gurluşygyna 2013-nji ýylyň iýunynda badalga berildi. 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda uzynlygy 1 müň 750 metre barabar bolan Türkmenabat-Farap demir ýolunyň gurluşygyny tamamlamagyň meýilleşdirilýändiginiň bellemelidiris.
– Dünýä ölçegleri dürli sebitleri birleşdirýän awtomobil ýollarynyň esasy häsiýetnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary tizlikli awtoulag ýollaryny (awtobanlary) gurmak meýilleşdirilýär. Täze “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýoly “Aşgabat-Daşoguz” awtoulag ýolunyň 24-nji kilometrinden başlanýar we Türkmenbaşy şäherinde tamamlanar.
– 2015-nji ýylda ýük daşamagyň umumy möçberinde awtomobil ulagynyň paýy 83,2 göterime, ýolagçy gatnatmakda 99,2 göterime deň boldy. Umuman, 2015-nji ýylda Türkmenistanda 494,1 million tonna ýük daşaldy. Munuň özi 2014-nji ýylyň möçberlerine garanyňda ösüş depgininiň 102,8 göterime deň bolandygyny alamatlandyrýar. Ýolagçy gatnatmak 984 million adama ýetip, onuň ösüş depgini 103,5 göterime deň boldy. Eksport ýüklerini daşamagyň möçberi 13,4 göterim artdy. Şeýle ýükler ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalýar. Şunlukda, suw ulaglaryna umumy möçberiň 60,5 göterimi düşdi.
– Häzirki zaman deňiz floty döretmek babatda hem köp işler durmuşa geçirildi. Port hojalygyna täze gämiler gelip gowuşýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň buýurmasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Nižniý Nowgorod şäheriniň “Krasnoýe Sormowo” gämi gurýan zawodynda taýýarlanan “Alaja”, “Kenar” nebit daşaýjy tankerler, “Älem”, “Jahan”, “Seýil” we “Gudrat” ýaly tirkeg gämileri bar. “RO-PAХ” derejeli “Berkarar” hem-de “Bagtyýar” gämileri Hazar deňzinde öz gatnawlaryny amala aşyrýar.
– Biziň döwletimiziň halkara giňişligine mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagynda aragatnaşyk pudagyna möhüm orun degişlidir, bu pudagyň täze derejä çykarylmagy aragatnaşyk ulgamynyň kosmos tehnologiýalary esasynda döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr.
– 2015-nji ýylyň aprel aýy Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy: 28-nji aprelde Aşgabat wagty bilen 4 sagat 03 minutda Kanaweral kosmodromyndan (Florida ştaty, ABŞ) Türkmenistanyň “TürkmenÄlem-52oE” ilkinji aragatnaşyk hemrasy uçuryldy.
– 2015-nji ýylyň ahyrynda öýjükli aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanýan müşderileriň sany 6740,7 müň birlige deň boldy, bu 2011-nji ýyldakydan 3,2 esse köpdür. Degişli döwürde internetden peýdalanyjylaryň sany 2151,4 müň birlige deň boldy we bu görkeziji 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,2 esse köpdür.
Nebit-gaz toplumy
Häzir ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny has-da ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň senagat kuwwatyny, ulag düzümini ösdürmäge hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän energiýa serişdeleriniň eksportuny artdyrmaga uly ähmiýet berilýär.
– Türkmenistan Hazar sebitiniň we Merkezi Aziýanyň energetika bazarynda esasy öňdebaryjylaryň biridir. Häzirki wagtda dünýäniň iri tebigy gaz gorlarynyň biri hasaplanýan “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek üçin ummasyz möçberde pul serişdeleri goýberildi. Şonuň hasabyna harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumlary peýda boldy. Bu gaz känini özleşdirmegiň ikinji we üçünji tapgyrlaryna badalga berildi, olarda hem gazy arassalaýjy desgalaryň täze toplumlaryny bina etmek göz öňünde tutulýar.
– Häzirki wagtda ýangyç-energetika pudagynda dünýäniň iň iri taslamalarynyň biri – Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. “Galkynyş” gaz käni hem bu geçiriji üçin baş çig mal çeşmesi bolar. Känleriň bu toplumyndan başga-da, “Türkmengaz” döwlet konserni “Döwletabat” we “Şatlyk”, “Malaý”, “Kerpiçli”, “Gazlydepe”, “Bagaja”, “Ýelguýy” ýaly iri gaz we gaz kondensat känleriň we beýlekileriň 30-a golaýyny işleýärler.
– «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň işe girizilmegi geçen ýylyň bellärlikli wakasy boldy. Bu gaz geçirijisi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa, milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, şol sanda ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly güýjünde peýdalanmak boýunça meseleleri çözmäge ýardam eder.
– Häzirki wagtda tebigy gazyň gaýtadan işlenmeginiň ýurdumyzyň batly depginler bilen ösýän gazhimiýa pudagyna täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem oňyn täsir edýändigi bellärliklidir. Bu babatda täze döwrebap desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürjek zawod ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji gaz-himiýa toplumy bolar.
Senagat pudagy
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz agrar döwlet bolmakdan çykyp, senagat taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşulýar. Şonuň üçin senagat pudagyny ösdürmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
– Gökdepe etrabynyň Owadandepedäki metallurgiýa we gazbeton zawodlary, Ahal welaýatynyň Baharly etrabyndaky sement zawody ýaly gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalar milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga önjeýli goşant goşýarlar.
– Sement önümçiligi ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň sement kärhanalarynda 3 million tonnadan gowrak semet öndürildi. Şeýle hem telekeçilik düzümleriniň gatnaşmagynda sebitlerde ýylda 300 müň tonna sement öndürýän kiçi zawodlary gurmak meýilleşdirilýär.
– Senagat önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler dowam edýär. Täze kärhanalarda ýerli serişdeleriň esasynda ýurdumyz üçin zerur önümler öndürilip başlanar. Olar örän inçe bazalt süýümlerdir we olardan taýýarlanylýan ýylylyk geçirmeýän hem-de kompozit gurluşyk materiallarydyr.
– Aýna önümçiligi hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport ulgamyna niýetlenen möhüm önümleriň biridir. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Owadandepede aýna önümçiligi üçin esasy serişde hökmünde ulanylýan kwars çägesiniň önümçiligi boýunça täze iri kärhananyň gurluşygy we aýna zawodynyň taslamasy durmuşa geçirilýär.
– 2015-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen suw saklaýjy materiallaryň önümçiligi boýunça täze senagat toplumy ulanmaga berildi.
– Ýokary hilli mineral dökünleriň önümçilik möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagy Türkmenistanda ilkinji, Merkezi Aziýa sebitinde bolsa iri kaliý duzlarynyň ýataklaryny özleşdirmek boýunça dag magdan baýlaşdyryjy toplumyň maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşdyrylýar. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk ýatagynda bar bolan çig kaliý duzlarynyň gorlary 2 milliard tonnadan gowrakdyr. Bu ýerde ýyllyk kuwwaty 1 million 400 müň tonna barabar bolan kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.
– Baý tebigy serişdeleriň bolmagy Türkmenistanyň ýody, bromy we himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän iri döwletleriň hataryna girmegine mümkinçilik berýär. Bu ugurda-da degişli önümçilik ýola goýuldy.
– Ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmek babatda-da degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gün energiýasyny elektroenergiýa geçirmek üçin enjamlary, fotoelektrik, elektron serişdelerini, awtomat enjamlaryny, yşyklandyryş gurallaryny, LED lampalaryny, elektroenergiýanyň sarp edilişini ölçeýän gurallary, şeýle hem ilat üçin beýleki elektrotehniki enjamlary öndürýän kiçi kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.
– Döwletimizde dokma senagatyny we halyçylyk pudagyny ösdürmek babatda-da uly işler alnyp barylýar. Döwrebap dokma toplumlarynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar.
Energetika pudagy
2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz “2013–2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň elektrik energetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyny” tassyklady. Bu konsepsiýanyň çäklerinde Ak bugdaý etrabyndaky “Ahal” elektrik bekedinde umumy kuwwaty 393,9 mwt bolan energiýa bloklarynyň 5-si ulanmaga berildi. Şeýlelikde, elektrik bekediň kuwwaty 254,2-den 648,1 megawatta ýetdi.
– Lebap welaýatynyň Serdar etrabynda ýyllyk kuwwaty 149,2 mwt elektrik energiýa barabar bolan, şeýle hem Mary welaýatynyň merkezinde umumy ýyllyk kuwwaty 146,7 mwt elektrik energiýa barabar bolan gaz-turbinaly elektrik beketleri pudagyň düzüminiň üstüni ýetirdi. Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň çäginde kuwwaty 504,4 mwt bolan täze gazturbinaly elektrik bekedi guruldy.
– Marydaky Döwlet elektrik bekediniň çäginde 1574 megawatt kuwwaty bolan ýurdumyzda ilkinji garyşyk bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygynyň taslamasyna badalga berildi. Ýylda 12,6 milliard kWt/sagat elektrik energiýa öndürmäge niýetlenen bu beket iň häzirki zaman inženerçilik işläp taýýarlamalaryna degişlidir.
– Ýakyn wagtda Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 254 megawatt bolan elektrik bekediniň açylyşy bolar. Kuwwaty 432 megawatt bolan ýene bir gaz-turbina elektrik bekedi Serdarabat etrabynda gurlar. Bu boýunça degişli şertnama “Türkmenenergiýa” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy.
– Türkmenistan öz öndürýän elektrik toguny daşary ýurt bazarlaryna hem ýerleýär. Bu babatda goňşy Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny 5 esse artdyrmaga taýýar. Şeýle hem bu ýurduň üsti bilen Täjigistana hem-de Pakistana elektrik toguny ibermek babatda degişli işler alnyp barylýar.