Gü­ne­ba­kar ýa­gy has giň­den ýaý­ran önüm­le­riň bi­ri­ bolup, her bir öý­de ula­nyl­ýar. Adat­ça, ony dür­li na­har­la­ra we işdäaçarlara goş­mak üçin ulan­ýar­lar. Şeý­le hem onuň kos­me­tik se­riş­de hök­mün­de hem ula­nyl­ýan ha­lat­la­ry bar. Gü­ne­ba­kar ýa­gy onuň çi­gi­di­niň gaý­ta­dan iş­len­me­gi ne­ti­je­sin­de alyn­ýar. Ýa­gyň reň­ki, ysy we ta­ga­my onuň önüm­çi­lik we gaý­ta­dan iş­le­niş tä­ri­ne bag­ly bol­ýar. My­sal üçin, sap­lan­ma­dyk önüm­de bu ýag­daý has güýç­li ýü­ze çy­kyp bi­ler. Esa­san, gü­ne­ba­kar ýa­gy li­nol we olein ýa­ly kis­lo­ta­lar­dan yba­rat­dyr. Şeý­le hem bu önü­miň dü­zü­min­de le­si­tin, ka­ro­ti­no­id­ler, to­ko­fe­rol­lar we fi­tos­te­roll­lar bar. 100 gram ýag­da E wi­ta­mi­ni­niň 205 gö­te­ri­mi, K wi­ta­mi­ni­niň hem 7 gö­te­ri­mi sak­lan­ýar. Onuň ka­lo­ri­ýa­ly­ly­gy 884 kkal­dan yba­rat.
Bi­rin­ji­den, gü­ne­ba­kar ýa­gy bo­gun­lar üçin peý­da­ly­dyr. Ol rew­ma­tizm art­ri­tini bejermekde iň go­wy öňü­ni alyş se­riş­de­si­dir. Onuň kö­me­gi bi­len bu nä­hoş­lu­gyň öňü­ni alyp, ala­mat­la­ry­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­ny pe­se dü­şü­rip bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ýag­da art­rit (bo­gun­la­ryň çiş­me­si) ýa­ly ha­lat­lar­da agy­ry­ny azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän trip­to­fan bar.
Ikin­ji­den, gü­ne­ba­kar ýa­gy ýü­rek we da­mar­lar üçin peý­da­ly­dyr. As­ly­ýe­tin­de, äh­li zat önü­miň dü­zü­min­dä­ki E wi­ta­mi­ni­ne bag­ly­dyr. Çün­ki, on­da köp san­ly ýa­rym we do­ly doý­gun ýag­lar bo­lup, doý­gun­la­ry on­çak­ly köp däl­dir. Bu­lar ar­ka­ly ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň hem-de ýü­rek ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni alyp bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, gü­ne­ba­kar ýa­gy öz dü­zü­min­de le­si­tin sak­la­ýan­ly­gy üçin be­den­dä­ki ho­les­te­ri­niň de­re­je­si­ni azald­ýar. Onuň dü­zü­min­dä­ki kä­bir mad­da­lar ate­rosk­le­roz (ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň ke­sel­le­me­gi) how­pu­ny pe­selt­mä­ge hem-de ar­te­ri­al ba­sy­şy ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ýer­de, esa­san, ho­lin, fe­nol kis­lo­ta­sy, ýa­rym we do­ly doý­gun ýag­lar aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Üçün­ji­den, gü­ne­ba­kar ýa­gy­nyň gö­rüş ul­ga­my­na oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi onuň ýe­ne-de bir peý­da­ly ta­rap­la­ry­nyň bi­ri­dir. Onuň dü­zü­min­de gö­r­şi go­wu­laş­dyr­ýan, onuň ýit­me­gi­niň öňü­ni al­ýan hem-de ka­ta­rakt dö­re­mek how­pu­ny pe­se dü­şür­ýän ka­ro­ti­no­id­ler bar.
Dör­dün­ji­den, gü­ne­ba­kar ýa­gy beý­ni hem-de nerw ulga­my üçin hem peý­da­ly­dyr. Çün­ki, on­da beý­ni­niň işi­ni go­wu­laş­dyr­ýan “ome­ga-6” we “ome­ga-9” kis­lo­ta­la­ry bo­lup, ne­pe­si­ňi dur­la­ma­ga we pi­ki­ri­ňi aý­dyň be­ýan et­mä­ge ýar­dam ber­ýär.
Bä­şin­ji­den gü­ne­ba­kar ýa­gy ga­ryn-içe­ge trak­ty­na hem peý­da­ly­dyr. Çün­ki, onuň içi­ňi sür­mä­ge ukyp­ly hä­si­ýe­ti bo­lup, iç ga­ta­ma gar­şy oňat se­riş­de ha­sap­lan­ýar. Bu ýag­daý ony litr­läp iç­me­li­di­gi­ni aň­lat­ma­ýar, ýö­ne ir­den ajö­ze aza­jyk iç­mek iý­mit siň­di­ri­şi saz­la­ma­ga hem-de içe­ge­ler­de ýü­ze çyk­ýan nä­saz­lyk­la­ry ara­dan aýyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Şo­nuň ýa­ly hem, gü­ne­ba­kar ýa­gy bronh­la­ra peý­da­ly bo­lup, dem­gys­ma ala­mat­la­ry­ny pe­selt­mä­ge ukyp­ly­dyr. Ol dem alyş ýol­la­ry­na ze­per ýe­tir­ýän res­pi­ra­tor nä­sag­ly­gy­ny ýe­ňil­leş­dir­ýär.
El­bet­de, gü­ne­ba­kar ýa­gy­nyň be­de­niň ke­sel­le­re gar­şy du­ruş ul­ga­my­na peý­da­sy­nyň ulu­dy­gy ba­ra­da ýat­lap geç­män bol­maz. Se­bä­bi ol düz­min­dä­ki E we to­ko­fe­rol­la­ryň ha­sa­by­na an­ti­ok­si­dant hök­mün­de oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ol er­kin ra­di­kal­la­ry güýç­den dü­şür­mä­ge ukyp­ly­dyr. Şeý­le hem ka­ra­ti­no­id­ler öý­ken we de­ri düw­nü­gi­niň öňü­ni al­ýar. Ol özü­ňi duý­şu­ňy go­wu­laş­dyr­ma­ga, ýadaw­ly­gy aý­yr­ma­ga we ys­gyn­syz­ly­gy ara­dan aýyr­ma­ga oňaý­ly tä­sir ed­ýär.
Şeý­le hem gü­ne­ba­kar ýa­gy de­riniň we saç­la­ryň hi­li­niň has-da go­wu­laş­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Ol be­de­niň bu bö­lek­le­ri­ni çyg sak­la­ýar. Ol de­ri­niň ýy­gyr­dy­ny aý­ryp, ony has-da çe­ýe ed­ýär, dü­wür­tik­le­ri­ aý­ryp, ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler­den go­ra­ýar. Gü­ne­ba­kar ýa­gy saç­la­ry has ýum­şak edip, düş­me­gi­niň öňü­ni alyp, onuň gur­lu­şy­nyň bi­te­wü­li­gi­ni go­ra­ýar.

Os­man HA­ME­DOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň ta­ly­by.