Indoneziýada 17-nji aprelde Prezident saýlawlary, Parlamentiň we ýerli mejlisleriň wekilleriniň saýlawlary geçirildi. Ýokary döwlet wezipesine häzirki Prezident Joko Widodo hem-de ätiýaçlykdaky general Prabowo Subianto dalaşgärlik etdi.
Soňky maglumatlara görä, 57 ýaşly Joko Widodo saýlawçylaryň 56,7% sesine eýe bolup, öňdeligi eýeledi. Onuň garşydaşy Prabowo Subianto bolsa, sesleriň 43,3%-ine eýe boldy. Konstitusiýa laýyklykda, olar bilen birlikde wise-prezidentler hem saýlanýar. Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, Prezident Joko Widodo wise-prezidentiň wezipesine Indonez ulamalar geňeşiniň başlygy Maruf Amini teklip edipdir.
263 million ilatly ýurtda 800 müň saýlaw uçastogy açylyp, olarda 6 million töweregi adam işledi.
Parlamentiň we ýerli edaralaryň wekilleriniň saýlawlaryna 20 müňden gowrak ýere bellenilmeli 16 sany syýasy partiýa wekilçilik edýän 245 müň dalaşgär gatnaşdy. Saýlawyň anyk netijeleri 22-nji maýda mälim ediler.