Finl­ýan­di­ýa­da 14-nji ap­rel­de ge­çi­ri­len Par­la­ment saý­law­la­ryn­da So­si­al-de­mok­rat par­ti­ýa­sy ýe­ňiş ga­zan­dy. So­si­al-de­mok­rat­lar ses­le­riň 17,7%-ine, “Ha­ky­ky fin­ler” 17,5%-ine eýe bol­du­lar. So­si­al-de­mok­rat­lar bäs­de­şin­den 5 müň ses köp al­dy. Mil­li bi­le­le­şik par­ti­ýasy 17,0% ses bi­len üçün­ji or­ny eýe­le­di. On­dan soň “Finl­ýand mer­ke­zi” ses­le­riň 13,8%-ne eýe bol­dy. “Ýa­şyl­lar” bi­le­le­şi­gi 11,5% ses bi­len bä­şin­ji orun­da dur­ýar. “Çep­çi bi­le­le­şik” 8,2%, şwed halk par­ti­ýa­sy 4,5%, “Me­si­hi de­mok­ra­tlar par­ti­ýa­sy” 3,9%, “Gök ge­le­jek” bi­le­le­şi­gi bol­sa, 1% se­se eýe bol­dy. Saý­law­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, ýur­duň 200 orun­lyk par­la­men­ti­niň dü­zü­mi bel­li bo­lar, tä­ze hö­kü­met dü­zü­ler hem-de Prem­ýer-mi­nistr bel­le­ni­ler. Saý­la­wa 19 par­ti­ýa­dan 2500 tö­we­re­gi da­laş­gär gat­naş­dy. Mun­dan ozal­ky saý­law­lar 2015-nji ýy­lyň ba­ha­ryn­da ge­çi­ri­lip­di. Onuň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, dü­zü­min­de “Finl­ýand mer­ke­zi”, “Mil­li bi­le­le­şik par­ti­ýa­sy” we “Ha­ky­ky fin­ler” bo­lan üç par­ti­ýa­ly hö­kü­met dü­zü­lip­di. 2017-nji ýyl­da “Ha­ky­ky fin­ler” üç­lük­den çyk­dy we olar­dan bö­lü­nen “Gök ge­le­jek” bol­sa, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň dü­zü­min­de gal­dy.
Ýur­duň 4,5 mil­li­on saý­law­çy­syn­dan 3,17 mil­li­on adam (72%) saý­la­wa gat­naş­dy. Finl­ýan­di­ýa­nyň So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy 1899-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lyp, 1903-nji ýy­la çen­li Finl­ýan­di­ýa­nyň iş­çi par­ti­ýa­sy diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Bu par­ti­ýa 2014-nji ýyl­dan bä­ri 2014-2015-nji ýyl­lar­da ma­li­ýe mi­nist­ri bo­lup iş­län Ant­ti Rin­ne ýol­baş­çy­lyk ed­ýär.