Ýewropa Bileleşigi ABŞ-dan suwuklandyrylan gazyň importyny 2023-nji ýyla çenli 8 milliard kub metre çenli artdyrar. Bu görkeziji Ýewropa Bileleşiginde sarp edilýän gazyň 1,6 göterimine barabar bolar diýip çak edilýär. Bu barada Ýewropa komissiýasynyň wekilleri mälim etdiler. Şol birwagtyň özünde bu bazarda “Gazprom”-yň eksportunyň paýy 2018-nji ýylda 37 göterimden ybarat boldy. ABŞ-nyň 2023-nji ýyla çenli 119 milliard kubmetr suwuklandyrylan gaz öndürmäge mümkinçiligi bolup, onuň diňe 7 göterim töweregini Ýewropa Bileleşigine ugradyp biler diýip, Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri çak edýärler. 2018-nji ýylda ABŞ-dan Ýewropa Bileleşigine eksport edilen suwuklandyrylan gazyň mukdary 11 göterime ýetdi. Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşigi suwuklandyrylan gazy kabul edýän terminallaryň sanyny artdyrmagy maksat edinýär. Şondan soňra, umumy kuwwatlylyk 2023-nji ýyla çenli 22 milliard kubmetre ýeter. “Gazprom”-yň bilermenleriniň aýtmagyna görä, Russiýanyň Ýewropa bazaryna eksporty 2023-nji ýyla çenli 40 milliard kubmetre ýeter.