Ýew­ro­pa ko­mis­si­ýa­sy Bal­ti­ka deň­zi­niň as­tyn­dan Pol­şa­dan Da­ni­ýa ge­çi­ril­jek “Bal­tic Pi­pe” gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge gat­na­şar. De­giş­li yla­la­şy­ga pol­ýak hö­kü­me­ti­niň we­kil­le­ri 15-nji ap­rel­de Brýus­sel­de gol çek­di­ler. Bu ba­ra­da gol çe­kiş­lik da­ba­ra­sy­na gat­na­şan Pol­şa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ma­te­uş Mo­ra­wes­kiý ha­bar ber­di. “Gaz ge­çi­ri­ji ýe­ne-de üç ýyl­dan taý­ýar bo­lar” di­ýip bel­län pol­ýak hö­kü­me­ti­niň baş­tu­ta­ny bu tas­la­ma­nyň Ýew­ro­pa­nyň ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, “Bal­tic Pi­pe” gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na Ýew­ro­pa­nyň býu­je­tin­den 215 mil­li­on ýew­ro tö­we­re­gi pul se­riş­de­le­ri bö­lü­nip ber­ler. Pol­şa her ýyl­da 15 mil­liard kub­metr gaz sarp ed­ýär. Onuň üç­den bir bö­le­gi­ni öz çäk­le­rin­den çy­ka­ryp, ga­lan­la­ry­ny im­port ed­ýär. Rus­si­ýa­nyň “Gazp­rom” kom­pa­ni­ýa­sy Pol­şa esa­sy gaz ug­ra­dy­jy bo­lup, uzak­ möh­let­li şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýurt her ýyl­da 10,2 mil­liard kub­metr ga­zy sa­tyn al­ýar. “Bal­tic Pi­pe” gaz ge­çi­ri­ji­si­niň kuw­wa­ty ýyl­da 10 mil­liard kub­met­re deň bo­lar. Pol­şa­nyň hö­kü­me­ti 2022-nji ýy­lyň 1-nji okt­ýab­ryn­da onuň gur­lu­şy­gy­ny ta­mam­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.