Nebit eksporty boýunça dünýäniň iň iri nebit kompaniýasy “Saudi Aramco” Günorta Koreýanyň “Hyundai Heavy Industries Holdings” konserniniň nebiti gaýtadan işleýän “Hyundai Oilbank” kompaniýasynyň 17 göterim paýyny 1,25 milliard dollara satyn almak baradaky ylalaşyga gol çekdi. Bu barada saud kompaniýasynyň beýanatynda mälim edilýär. Ylalaşyk Aziýa bazarynda Saud Arabystanynyň ornuny berkider diýlip, beýanatda bellenilýär. Zawodyň kuwwaty bir gije-gündizde 650 müň barrelden ybarat bolup, onuň düzümine nebithimiýa we gaz desgalary girýär. Şu ýylyň fewralynda “Saudi Aramco” Hytaýda nebiti gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyna 10 milliard dollar maýa goýýandygyny mälim edipdi.