Gonkongyň paýnamalar bazary ýaponlaryňkydan öňe geçip, gazna bazarynyň ululygy boýunça dünýäde üçünji orny eýeledi. Häzir ol diňe ABŞ-nyň we Hytaýyň bazarlaryndan pesdir. Bu barada maliýe maglumatlary agentligi “Bloomberg” habar berýär. Gonkong bazarynyň sermaýasy 5,76 trillion dollary bolan ýapon bazary bilen deňeşdireniňde, 5,78 trillion dollardan ybarat boldy. Gonkongyň gazna indeksi “Hang Seng” iň ýokary derejede söwdany amala aşyrdy. Ýylyň başynda onuň indeksi 17 göterim ýokarlandy. Muňa, esasan hem, internet ägirdi “Tencent Holdings Ltd” kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasynyň 22% ösmegi sebäp boldy. Ýaponiýanyň gazna indeksi “Topix” ýylyň başynda 8,3% gymmatlady.