Hytaý 2019-njy ýylda kömrüň importuny 10-12 million tonna azaldar. Importuň pese gaçmagyna, esasan, içerki önümçiligiň ösüşi sebäp bolupdyr. 2019-njy ýylyň ikinji çärýeginden Hytaýda kömrüň çykarylyşy artdyrylar diýip, “Noble Group”-yň çig mal harytlary bölüminiň ýolbaşçysy Rodrigo Eçewerri Şanhaýda geçirilen pudak edaralarynyň maslahatynda mälim etdi.
– Şu ýyl Hytaý goşmaça 100 million tonna kömür gazyp almagy meýilleşdirýär – diýip, mundan ozalky geçirilen maslahatda Hytaýyň Milli kömür assosiasiýasynyň wise-prezidenti Wan Hunsýao aýtdy. Hytaýda elektrik energiýasyny öndürmek üçin zerur bolan kömre isleg artar, ýöne kömrüň umumy sarp edilişiniň ösüşiniň depginleri haýallar – diýip, Wan belläp geçdi.
Statistika baradaky milli edarasynyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda Hytaýda 4 milliard tonna kömür gazylyp alnypdyr. Şeýle hem bu ýurtda gazylyp alnyşyň kuwwaty 194 million tonna artdy. Mundan başga-da, Ösüş we reforma boýunça milli komissiýa 2019-njy ýylyň başyndan bäri ýyllyk kuwwaty jemi 25 million tonna kömür çykarmaga ukyply 12 sany täze taslamany makullady. “Noble Group”-yň işgäri Eçewerri şu ýyl Hytaýda energiýa maksatly kömrüň importunyň geçen ýyla garanyňda birnäçe million tonna azaldylmagyna garaşylýandygyny, munuň bolsa, öňdebaryjy eksport ediji ýurtlara ýaramaz täsir etjekdigini belledi.