Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň El-Fu­jaý­ra emir­li­gi­niň de­ňiz ke­nar­la­ryn­da dün­ýä­niň iň uly eme­li mer­jen ri­fi­niň dö­re­dil­me­gi­ne gi­ri­şil­di. Emir­li­giň dynç al­şyň has tä­sir­li gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­mek üçin esas­lan­dy­ran “Fu­jai­rah Cent­re for Adven­tu­res” eda­ra­sy bi­len BAE-niň Yk­ly­myň üýt­ge­me­gi we Daş­ky gur­şaw mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da eme­li ri­fiň eme­le ge­ti­ril­me­gi üçin yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Öňü­miz­dä­ki 5 ýy­lyň do­wa­myn­da 1,5 mil­li­on mer­je­ni özün­de jem­le­jek ri­fiň meý­da­ny 300 müň ine­dör­dül met­re, ýag­ny fut­bol meý­dan­ça­sy­nyň 60-sy­na ba­ra­bar bo­lar. Tas­la­ma de­ňiz ösüm­lik­le­ri­ni we jan­dar­la­ry­ny go­ra­mak, ba­lyk­la­ryň sa­ny­ny art­dyr­mak, sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek we dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­dä­ki guw­was­la­ry hem-de te­bi­ga­ty söý­ýän­le­ri Fu­jaý­ra çek­mek mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Fu­jaý­ra BAE-niň beý­le­ki emir­lik­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da Pars aý­la­gyn­yň ke­na­ryn­da däl-de, has çuň bo­lan Oman aý­la­gyn­yň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýär.