Ýurdumyzyň çar künjeginde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi. Ahalteke bedewleri sportuň bu görnüşinde oňat netijeleri görkezýär. Bäsleşige bedewleriň ýigrimiden gowragy gatnaşdy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň we Atçylyk sporty merkeziniň atlary bar. Kanadaly hünärmen Stefan Fransis Bukman ýaryşlaryň baş emini boldy. Iki tapgyrda geçirilen bäsleşigiň tertipnamasyna laýyklykda, çapyksuwar 11 päsgelçilikden geçmeli. Şolaryň beýikligi birinji tapgyrda 1 metr 10 santimetrden 1 metr 15 santimetre çenli.
Ikinji tapgyrda bolsa, beýiklik 1 metr 20 santimetrden 1 metr 30 santimetre çenlidir, ikinji tapgyrda has az jerime alanlar we ähli bäsleşikleri ýokary tizlikde geçen bedewler ýeňiji hasaplanylýar.
Dünýäde giňden ýaýran atçylyk sporty hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, biziň ýurdumyzda hem doly özleşdirildi. Munuň üçin ähli mümkinçilikler we infrastrukturalar döredildi. Ýurdumyzyň atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny halkara derejelerine laýyklykda ösdürmek hem-de türkmen bedewleriniň daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän bäsleşiklerine bökdençsiz gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Halkara karantin merkezi ulanmaga berildi.
Bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmeniň atşynaslyk, seýisçilik sungaty şöhratly ýollary geçýär. Sporty ösdürmek meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň halkara abraýy, şol sanda sport hereketindäki abraýy barha artýar. Ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegi dünýä ýaryşlaryna gatnaşmaga ukyply bolan çapyksuwarlaryň täze neslini kemala getirmäge, sagdyn bedenli, watansöýüji ýaşlary ýetişdirmäge ýardam edýär. Atçylygy ösdürmekde bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmakda we dünýädäki meşhurlygyny, şan-şöhratyny has belende götermekde Türkmenistanda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda atçylyk sportuna ünsüň güýçlenmegi, at üstünde oýnalýan milli oýunlaryň täzeden dikeldilmegi bu ulgamyň has-da ösdürilýändigini aýdyň tassyklaýar.
Eziz GURBANMÄMMEDOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.