ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tram­pyň we onuň aýa­ly Me­la­ni­ýa Tram­pyň maý aýy­nyň 25-26-sy­na Ýa­po­ni­ýa sa­pa­ry bo­lar. Ak Ta­myň baş­tu­ta­ny Ýa­po­ni­ýa­nyň tä­ze im­pe­ra­to­ry Na­ru­hi­to 1-nji maý­da tag­ta çy­kan­dan soň, onuň bi­len du­şu­şjak il­kin­ji da­şa­ry ýurt li­de­ri bo­lar.
Do­nald Tramp sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ame­ri­kan we ýa­pon halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ýyg­jam gat­na­şyk­la­ry has-da çuň­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­rer.
Şeýle hem Do­nald Tramp 3-5-nji iýun ara­ly­gyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa döw­let sa­pa­ry­ny ama­la aşy­rar.
Bulardan baş­ga-da, ap­re­liň ahy­ryn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe Wa­şing­to­na sa­pa­ra ba­ryp, Pre­zi­dent Do­nald Tramp bi­len se­bit, söw­da we beý­le­ki me­se­le­ler bo­ýun­ça gep­le­şik­ler ge­çi­rer.

Ýa­po­ni­ýa­nyň tä­ze im­pe­ra­to­ry

Ýa­po­ni­ýa­da maý aýy­nyň 1-i Mil­li baý­ram­çy­lyk di­ýlip yg­lan edil­di. Çün­ki, şol gün hä­zir­ki mi­ras­dü­şer şa­za­da Na­ru­hi­to ýur­duň tä­ze im­pe­ra­to­ry bo­lar. Ýa­po­ni­ýa­nyň hä­zir­ki 85 ýaş­ly im­pe­ra­to­ry Aki­hi­to ýa­şy bir çe­ne ba­ran­dy­gy üçin 30-njy ap­rel­de tagt­dan gi­dip, onuň ýe­ri­ne uly og­ly Na­ru­hi­to bel­le­ner.
Golaýda Ýa­po­ni­ýa­da tag­ta çyk­jak tä­ze im­pe­ra­to­ryň çy­kyş eden gü­nün­den beý­läk ýurt­da tä­ze eý­ýam –“Reý­wa”-nyň (Ter­tip we saz­la­şyk) bi­rin­ji ýy­ly­nyň baş­lan­ýan­dy­gy ha­bar ber­lip­di. Aki­hi­to­nyň eý­ýa­my “Heý­seý” (Pa­ra­hat­çy­lyk) diý­lip at­lan­dy­ry­lyp, 31 ýyl do­wam et­di. 59 ýaş­ly Na­ru­hi­to ýur­duň 126-njy im­pe­ra­to­ry bo­lar.