21-nji aprelde Demirgazyk Makedoniýada Prezident saýlawlary geçirildi. Saýlawlara üç sany dalaşgär gatnaşdy. Býulletenleriň 100 göterime golaýy sanalandan soňra, dolandyryjy Sosial demokratik bileleşiginiň dalaşgäri Stewo Pendarowski 42,8%, VMRO-DPMNE partiýasynyň wekili Gordana Silýanowska-Dawkowa 42,2% sese eýe boldy. Makedoniýanyň Ýewropa Bileleşigindäki ozalky ilçisi Blerim Reka bolsa, 10,6% sese eýe boldy. Ol etnik albanlaryň iki partiýasynyň dalaşgäri hökmünde gatnaşýar.
1991-nji ýylyň sentýabrynda Garaşsyzlygyny yglan eden ozalky Ýugoslaw Respublikasy şu ýylyň fewralynda öz adyny resmi ýagdaýda Demirgazyk Makedoniýa Respublikasy diýip üýtgedipdi.
Bäş ýyllyk möhlet bilen iki gezek Prezident wezipesinde bolan häzirki döwlet baştutany George Iwanowyň möhleti 12-nji maýda tamamlanyp, ol bu gezek öz dalaşgärligini hödürläp bilmeýär. Ýurtda ýerine ýetiriji häkimiýete Premýer-ministr ýolbaşçylyk edýär.
Demirgazyk Makedoniýada dalaşgärleriň hiç birisiniň 50 göterimden köp ses almandygy üçin 5-nji maýda Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler.