Pekinde 25-27-nji aprel aralygynda “Bir guşak – bir ýol” strategiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk boýunça ikinji halkara forumy geçirilip, oňa döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň 37-si we 150 ýurtdan 5 müňden gowrak myhman gatnaşdy. Erkin ykdysady zolaklar, logistik mümkinçilikler, Ýüpek ýolunyň söwda ugurlary halkara forumynyň esasy mowzugy boldy. Maslahatda harytlar we hyzmatlar üçin halkara geçelgeleriniň meselelerine aýratyn üns berildi.
Hyzmatdaşlyk boýunça ikinji halkara forumynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy netijesinde, global derejedäki özara hyzmatdaşlyklaryň berkidilmeginiň möhümdigini belläp geçdi. Eýýäm 2017-nji ýylda geçirilen forumda gazanylan ylalaşyklar üstünlikli amala aşyrylyp, bilelikdäki birnäçe taslamalar ýola goýuldy diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. Häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak ýurdy we halkara guramalary Hytaý bilen başlangyçlary bilelikde amala aşyrmagyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar esasynda bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.