Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde Ýewraziýa ýurtlarynyň köp sanly wekilleriniň gatnaşmagynda halkara çäresi başlandy. Ýurduň günortadaky paýtagty bolan Oş Türki dilli halklaryň medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) karary bilen, türki dünýäsiniň medeni merkezi derejesine eýe boldy.
21-nji aprelde Oşda bütin ýylyň dowamynda dürli görnüşlerde dowam etjek baýramçylyk çäresiniň sahnalaşdyrylan açylyş dabarasy boldy. Azerbaýjan, Bosniýa, Gazagystan, Demirgazyk Makedoniýa, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly ýurtlardan gelen artistler sahnada öz başarnyklaryny görkezdiler. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde medeni şüweleň, hünärmenleriň sergi-ýarmarkasy, aýdym-saz meýdançasy we işewürleriň forumy açyldy. Oşuň myhmanlaryna dürli halklaryň tagamlaryny dadyp görmek teklip edilip, egin-eşikler, ýadygärlik sowgatlary satyn almaga mümkinçilik döredildi. Myhmanlar öz ülkeleriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
Dabaranyň öň ýanynda TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Dýusen Kaseinow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowy türki halklaryň öňünde bitiren hyzmatlary üçin guramanyň medaly bilen sylaglady.
Oş türki dünýäsiniň medeni merkezi derejesine eýe bolan Gyrgyz Respublikasynyň ilkinji şäheridir. Mundan ozal Astana we Turkestan (Gazagystan), Eskişehir (Türkiýe), Kazan (Russiýa), Mary (Türkmenistan), Şeki (Azerbaýjan) ýaly şäherler şeýle derejä eýe bolupdylar.