Geljek ýyl Awstriýada dünýä ýurtlarynyň parlament ýolbaşçylarynyň maslahaty geçiriler. Bu barada Awstriýanyň Milli geňeşiniň (parlament) başlygy Wolfgang Sobotka habar berdi. Parlamentiň başlygy Halkara parlamentara bileleşiginiň maslahatyny geçirmäge Wena şäheriniň saýlanmagyna hoşallyk bildirip, maslahatyň geljek ýylyň awgust aýynda geçiriljekdigini habar berdi. Üç günlük maslahata 178 ýurtdan 1200-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.
Ilkinji gezek bu çäre Nýu-Ýorkda (2000-nji, 2005-nji we 2015-nji ýyllar), Ženewada (2010-njy ýyl) guralypdy. Häzirki wagtda 1889-njy ýylda esaslandyrylan Parlamentara bileleşigine dünýäniň 178 ýurdunyň Milli parlamentleri hem-de 10 sany assosirlenen bileleşigi girýär.