Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri 30-njy ap­rel 1-nji maý ara­ly­gyn­da biz­nes we jem­gy­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça glo­bal dia­lo­gy gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len “Ai Everyt­hing” at­ly eme­li aňa ba­gyş­la­nan Bü­tin­dün­ýä sam­mi­ti­ni ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da emir­lik­le­riň “WAM” ha­bar­lar agent­li­gi mä­lim ed­ýär. “Ai Everyt­hing”-iň il­kin­ji fo­ru­my Du­ba­ýyň Bü­tin­dün­ýä söw­da mer­ke­zin­de ge­çi­ri­ler. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň wi­se-pre­zi­den­ti, prem­ýer-mi­nist­ri, Du­baý Emir­li­gi­niň hä­ki­mi Mo­ham­med bin Ra­şid Al Mak­tu­myň ho­wan­dar­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek iki gün­lük çä­re köp san­ly bi­ler­men­le­ri we işe­wür­le­ri bir ýe­re jem­lär. Bu fo­rum Te­le­kom­mi­ni­ka­si­ýa hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň, In­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň ýar­da­my, şeý­le hem “Smart ­Du­bai” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk­da BAE-de eme­li aň bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de gu­ra­lar.